Habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/6093/original-16516e0f1e6eb0.jpeg

Şu gün Berlin şäherinde iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentiniň başlyklyk etmeginde işewürlik ertirlik nahary görnüşinde geçirilen duşuşykda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz duşuşykda çykyş etmek bilen, Türkmenistan täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýandygyny hem-de gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlary sebitiň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine gönükdirilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň, ekologiýa we halkara işlerinde ynsanperwerleşmegiň häzirki zamanyň iň esasy meseleleridigi nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ykdysady ösüş meselesi barada aýtmak bilen, bu prosessiň ählumumy özara baglanyşyk häsiýete eýedigini belledi. Häzirki wagtda dünýä ykdysady ulgamy diýlende, diňe bir dürli ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň ýakynlaşmagy göz öňünde tutulman, eýsem, onuň köpsanly düzüm bölekleriniň sazlaşykly işini hem aňladýar.

Olaryň hatarynda energetika, ulag pudaklary hem-de maliýe ulgamy ýaly öňden bar bolan ugurlar bilen bir hatarda, sanlylaşdyrmak, emeli intellekt we ýaşyl tehnologiýalar ýaly ykdysadyýetiň täze ugurlarynyň bardygy bellenildi.

Şeýle hem ýokary derejedäki duşuşygyň dowamynda ekologiýa we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy.

Başga habarlar
16aeb29d2189d4.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.


16ae9b3c005644.jpeg
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar

Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.


16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.

16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.