Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerini maslahatlaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/6124/original-1651ebf4f2c3f1.jpeg

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen geçiren duşuşygynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy.

Myhman duşuşykda ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, Mikail Jabbarow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady.

Döwlet Baştutany Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini mähirli mübärekläp hem-de hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we şu gezekki saparyň barşynda geçiriljek duşuşyklaryň, gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň uly ykdysady kuwwata eýedigi hem-de olaryň uzak möhletleýin netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy esasynda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda söhbetdeşler deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda guralýan döwletara dialogyň ýetilen ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Umumy pikire görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna uly orun degişlidir.

Başga habarlar
16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.


16adf6b104a78d.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.


16adf6771e1c13.jpeg
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.

16adefa726930c.jpeg
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar

«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.


16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.