Habarlar

Türkmenistan dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

https://ussatnews.com/storage/posts/616/original-160100300ca1db.jpeg

Türkmenistan şu günlerde ýene-de dünýäniň esasy habarlar agentlikleriniň, şeýle hem köpsanly internet-saýtlaryň täzeliklerdir habarlarynda köp agzalýan geografik atlaryň birine öwrüldi. Dünýäniň habar beriş serişdeleriniň, syýasy we işewür toparlarynyň ünsi jemgyýetçilik seslenmesine eýe bolan şanly wakalara — ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gönükdi. Olaryň açylyş dabarasyna teleköpri arkaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.

Daşary ýurt metbugatynyň habarlarynda ýurdumyzyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan iri düzüm taslamalarynyň möhüm ähmiýeti bellenilýär, olar Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmäge, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam edýär.

Daşary ýurt neşirleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda sözlän sözlerini getirmek bilen, Türkmenistanyň energetika serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly üstaşyr ugratmak, ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işläp taýýarlan we öňe süren Rezolýusiýalarynyň taslamalarynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilendigini belleýärler.

Hytaýyň, Russiýanyň, Pakistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we beýleki döwletleriň habarlar agentlikleri we ýöriteleşdirilen pudaklaýyn neşirleri «Malaý» gaz käninde gaz gysyjy bekediň ulanmaga berilmegine hem aýratyn üns berdiler, bu ýatak Türkmenistan — Hytaý gaz geçiriji turba tebigy gazy akdyrýan çig mal çeşmeleriniň biridir.

«Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) nebitgaz ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr» diýip, «Sinhua» habarlar agentligi belleýär.

«Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow açylyş dabarasynda çykyş edip, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzda ulanmaga berilýän desgalaryň gurluşygynda ekologiýa talaplaryna, döwrebap innowasiýalara, ösen tehnologiýalara möhüm ähmiýetiň berilýändigini aýtdy» diýlip, esasy hytaý habar beriş serişdeleriniň ýaýradan habarynda bellenilýär.

Şeýle hem «Sinhua» agentligi «CNPC International Turkmenistan» kompaniýasynyň baş direktory Li Şulýanyň çykyşyndan sözleri getirdi, ol Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň sazlaşykly ösüş depginlerini, onuň uglewodorodlary gözlemekde we işläp taýýarlamakda, tebigy gazy ugratmakda, şeýle hem gazhimiýa senagatynda üstünlikleri gazanandygyny belledi. Şunda nygtalyşy ýaly, «Malaý» gaz käninde täze gaz gysyjy bekediň ulanmaga berilmegi ýatagy işläp taýýarlamagyň ikinji tapgyryna badalga berdi, bu bolsa pudagyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagyna hem-de dünýäniň nebitgaz bazarynda Türkmenistanyň ornunyň berkemegine ýardam eder.

«Tebigy gazyň gorlary boýunça Merkezi Aziýada birinji orna we dünýäde dördünji orna eýe bolan Türkmenistana nebitgaz ulgamynda ählumumy we sebit derejesindäki hyzmatdaşlykda möhüm orun degişlidir» diýip, RIA «Nowosti» hem-de Nebitgaz habarlary agentligi (Russiýa) «CNPC International Turkmenistan» kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň sözlerini mysal getirdiler.

«Eksport üçin gaz: Türkmenistanda Hytaýa ýangyç ugradýan gaz gysyjy beket işe girizildi» diýip, «MIR 24» teleýaýlymy habar berýär. Şeýle hem bu waka baradaky habarlary öz saýtlarynda «MENAFN», «Golos SNG», «Kabar», «Macau Business», «OilGasDaily», «Business Recorder», «Finmarket», «IndexMundi», «SpaceDaily», «News24», «China Daily Information», «CentralAsia.news», «SNGToday», «Nowosti Azerbaýjana», «Turan», «Interfaks-Azerbaýjan», «AKIpress», dünýäniň beýleki habar beriş serişdeleri ýerleşdirdiler.

Ussat news

Başga habarlar
16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.


16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.

16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.


16adf6b104a78d.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.