Habarlar

Hyundai Engineering Aşgabatda OGT-2023-de kümüş hyzmatdaş bolup çykyş eder

https://ussatnews.com/storage/posts/6152/original-1652839bf8f146.jpeg

25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» (OGT 2023) Halkara sergisiniň we maslahatynyň başlanmagyna iki hepdeden hem az wagt galdy. Bu ýurdumyzyň energetika pudagy üçin möhüm çäreleriň biri bolup, onda ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşylar.

Bu forum dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemlär. Maslahatyň çäklerinde ählumumy energetika bazarynyňýörelgelerine, uglewodorod känlerini özleşdirmegiň geljegine we maýa goýumlaryny çekmeklige bagyşlanar.

Maslahat bilen ugurdaş sergi hem geçiriler. Onda nebitgaz pudagynyň gazananlary hödürlener.

Maslahata 300-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar. Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar guralar. Munuň özi hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we täze maýa goýum taslamalaryny maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.

“Hyundai Engineering” kompaniýasy “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” (OGT-2023) atly 18-nji halkara maslahatyň we serginiň kümüş hyzmatdaşlarynyň biri boldy.

“Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasy 2009-njy ýyldan bäri “mawy ýangyç” ady bilen tanalýan Türkmenistanyň “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegine işjeň gatnaşdy. “Türkmen gaz” döwlet konserniniň, Günorta Koreýanyň we Hytaýyň nebitgaz düzümleriniň wekilleriniň bilelikdäki tagallalary bilen bu energiýa ägirdini özleşdirmegiň başlangyç tapgyry 2013-nji ýylda üstünlikli tamamlandy. Taslamanyň çäginde “Hyundai Engineering Co., Ltd” gazy kükürtden arassalaýjy zawod hem gurdy.

“LG International Corporation” bilen hyzmatdaşlygyň çäginde “Hyundai Engineering Co., Ltd.” Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) birnäçe täze tehnologiki bölümleri işe girizdi.

Hyzmatdaşlygyň ýene bir görkezijisi hökmünde Hazar deňziniň kenaryndaky Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürmek boýunça iri gaz himiýa toplumynyň gurluşygyny görkezmek bolar. Bu taslamanyň umumy bahasy 3,4 milliard ABŞ dollaryndan gowrak bolup, onuň durmuşa geçirilmegine “Hyundai Engineering Co., Ltd.,” kompaniýasy, “Türkmengaz” döwlet konserni, Günorta Koreýanyň “LG International Corporation” kompaniýasy we Ýaponiýanyň “TOYO Engineering Corporation” kompaniýasy gatnaşdylar. Zawod daşky gurşawyň halkara standartlaryna laýyk gelip, oňa Britaniýanyň TXF guramasy tarapyndan 2014-nji ýylda Ýewropanyň we Ýewraziýanyň ekologiýa taýdan arassa on taslamanyň biri hökmünde şahadatnama berildi.

Başga habarlar
16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16af155aed1f8c.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

16aedc326dc7df.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16aec738a407ec.jpeg
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.