Habarlar

Dabaraly maslahat geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/6156/original-165283dd99b32a.jpeg

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň hünärmenleridir ýolbaşçylary, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Berdimyrat Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Batyr Jumaýew dagy öz çykyşlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen şanly 32 ýylynda ýurdumyz boýunça ýetilen belent sepgitler hem-de onuň öň ýanynda ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň we kabul edilen döwletli çözgütleriň türkmen halkynyň buýsanjyny, şatlygyny has-da artdyrandygyny bellediler. Döwletli maslahatda Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bolsa her bir ynsanyň göwnüni ganatlandyran, ruhuny galkyndyran ajaýyp taryhy waka öwrüldi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşlary, kesgitlenilen wajyp wezipeler tutuş adamzadyň şu gününiň hem-de ýagty geljeginiň bähbidine gönükdirilendir. Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynda Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady we ýaşaýyş-durmuş taýdan ýokary ösüş depginlerine eýe bolýar. Türkmenistan demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýadyny tutup, Garaşsyzlyk taglymaty esasynda berkararlygynyň esaslaryny berkidýär, durnukly durmuşy, ykdysady ösüşi üpjün edýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrýar. Şonuň netijesinde ata Watanymyz, mähriban halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymatyna we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoluna eýerip, beýik geljege tarap öňe barýar. Bular dogrusynda dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň hünärmeni Mergen Amanow, «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Umumy bölüminiň baş hünärmeni, konserniň demokratik partiýasynyň ilkinji guramasynyň başlygy Muhammetmyrat Atagarryýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geofizika bölüminiň baş hünärmeni Çeper Babaýewa dagy öz çykyşlarynda buýsanç bilen bellediler. Dabaraly çäräniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary nebitgazçylarda we myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Ýüzlenme kabul edildi.

Başga habarlar
16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16af155aed1f8c.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

16aedc326dc7df.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16aec738a407ec.jpeg
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.