Aşgabatda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi geçiriler
Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, şeýle hem “Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde çykaran 2222-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi hem-de şu bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.