Habarlar

Türkmenistanyň ýaş sazandalarynyň Bişkekdäki Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýaş wekilleriniň arasynda XVII Delfiý oýunlarynyň üstünlikleri

https://ussatnews.com/storage/posts/6162/original-16528f43e2ffc3.jpeg

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýaş wekilleriniň arasynda XVII Delfiý oýunlarynyň bäsleşigi geçirildi.

Delfiý oýunlary – bu däp bolup, her ýylda geçirilýän, zehinli ýaşlaryň döredijilik bäsleşikleri bolup, ol: fortepiano, skripka, şekillendiriş sungaty, akademiki aýdym aýtmagy, ýekelikde halk aýdymlary aýtmagy, estrada aýdymy, halk tansy, halk saz gurallary, üflenip çalynýan saz gurallary we çeperçilik senetçiligi ugurlary boýunça geçirilýär.

Saz sungaty ugry boýunça Türkmenistanyň ýaş sazandalary bu halkara bäsleşigiň ýörite diplomlaryna we medallaryna mynasyp boldular. Olardan, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň skripka hünäriniň 10-njy synp okuwçysy Elina Gurbanowa Üçünji derejeli diploma we bürünç medalyna mynasyp boldy. Elina «Altyn asyr» bäsleşiginiň ýeňijisi Gözel Gurbanowanyň okuwçysy.

Şeýle-de, skripka hünäri boýunça Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň uçurymy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 2-nji ýyl talyby Seýran Ataniýazow bäsleşigiň Ikinji orun diplomyna we kümüş medalyna mynasyp boldy. Seýran «Altyn asyr» bäsleşiginiň ýeňijisi Näzik Saryýewanyň okuwçysy.

Zehinli skripkaçy sazandalara halkara bäsleşikleriniň diplomanty, konserwatoriýanyň «Kamera ansambly» kafedrasynyň uy mugallymy Stella Faramazowa fortepiano saz guralynda sazandarlyk etdi.

Şeýle-de, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň fortepiano hünariniň 11-nji synp okuwçysy Aýnur Otuzowa «Döredijilik kuwwaty üçin» atly Ýörite diploma mynasyp boldy. Aýnur Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Jeýhun Babaýewiň okuwçysy.

Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň fortepiano hünäri boýunça uçurymy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 3-nji ýyl talyby Erjel Ýagşymyradow bäsleşigiň üçünji orun diplomyna we bürünç medalyna mynasyp boldy. Erjel Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň okuwçysy.

Başga-da, ýaş aýdymçy, Balkanabat şäheriniň Ýörite sazçylyk mekdebiniň bagşy hünäriniň okuwçysy Güýçberdi Gulow bäsleşigiň Ikinji orun diplomyna we kümüş medalyna mynasyp boldy.

Jemal AGAJANOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Orkestr saz gurallary» fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Başga habarlar
16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16af155aed1f8c.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

16aedc326dc7df.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16aec738a407ec.jpeg
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.