Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanynda nebitgaz, himiýa we ýaşyl energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanyna saparynyň dowamynda iki ýurduň arasynda nebit-gaz we himiýa, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Saparyň barşynda türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Energetika ministrliginde gepleşikleri geçirdi.
Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow bilen Saud Ösüş Gaznasynyň ýerine ýetiriji müdiri Sultan Al Marşadyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Saud Ösüş Gaznasy tarapyndan Türkmenistandaky durmuş taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de, saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň “Saudi Arabia Global Pipeline Company”şereketiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.