Habarlar

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary bilen onlaýn duşuşyk geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/630/original-16012797461572.jpeg

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

YHG-niň binýadynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, duşuşyga gatnaşyjylar ählumumy howplar ýagdaýynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitde söwda-ykdysady, iri ulag we energetika taslamalarynyň başlangyçlary bilen çykyş edip, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň maksatlaryna ýetilmegine düpli derejede ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag we aragatnaşyk ýaly pudaklary goşmak bilen goňşy Owganystanyň ykdysadyýetiniň möhüm ulgamlaryny ösdürmekdäki işjeň orny munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň we YHG-niň Baş sekretary sebit ykdysady goşulyşmagyny çuňlaşdyrmakda giň hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.

Başga habarlar
16ad1fcf5eaae6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.


16ad1ccf926c5d.jpeg
Türkmenistan we SPE energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeňleşdirýär

Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek OGT – 2026 Halkara nebitgaz maslahatynyň çäklerinde Nebitçi inženerler jemgyýetiniň (SPE) wekilleri tarapyndan aýratyn tegelek stol geçiriler diýip, Turkmen Energy Forum habar berýär.


16ad19ea015f2b.jpeg
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

16acf4529bfc40.jpeg
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär

10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.


16acf46ff783c1.jpeg
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.