«Türkmennebit» DK-nyň abatlaýyş-mehaniki zawodynyň işgärleri işleri bellenilen meýilnamadan artyk ýerine ýetirdiler
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň abatlaýyş-mehaniki zawodynyň işgärleri geçen ýylda 7 million 960 müň manatdan gowrak möçberde abatlaýyş-mehaniki işleri ýerine ýetirdiler. Şol bir wagtda önümçilik tabşyrygy bellenilen meýilnamadan artyk ýerine ýetirildi.
Ätiýaçlyk şaýlaryny we ölçe enjamlaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen serişdeler 4 million 103 müň manada deň boldy. Nebitgaz kärhanalarynda 2,5 million manatlyk möçberde kömekçi desgalary abatlamak işleri ýerine ýetirildi.
Zawod tehniki enjamlaryň we desgalaryň 150 görnüşi bilen enjamlaşdyrylyp, olar ätiýaçlyk şaýlaryny taýýarlamak, enjamlary abatlamak we dikeltmek boýunça işleri ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Kärhanada önümleriň täze görnüşleri özleşdirilýär, taýýarlanylýan ätiýaçlyk şaýlaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän häzirki zaman tehnologiýalar ornaşdyrylýar, önümçilik-tehnologik binýat üznüksiz täzelenýär.
Ussat news
Ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde mugalumlaryň we talyp ýaşlaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.
Türkmenistan 2026 ýyly ruhubelentlik we täze üstünlikler bilen garşylady
Türkmenistan 2026 ýyly ruhubelentlik we täze üstünlikler bilen garşylady.
2026 ýyl — Türkmenistanyň taryhynda täze şanly sahypa
2026 ýyl — Türkmenistanyň taryhynda täze şanly sahypa.
Türkmenistan parahatçylyk, döredijilik we belent üstünlikler ýylyny garşy aldy
Türkmenistan parahatçylyk, döredijilik we belent üstünlikler ýylyny garşy aldy.
Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny ýetip gelýän Täze 2026-njy ýyl bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny ýetip gelýän Täze 2026-njy ýyl bilen gutlady.