«Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar. 2020-nji ýylyň jemleri boýunça buraw işleriniň meýilnamasy 121% ýerine ýetirildi.
Hususan-da, meýilleşdirilen 19 guýa derek 23 guýuda buraw işleri üstünlikli tamamlandy. Häzirki wagtda 15 sany guýuda «gara altyny» çykarmak işleri alnyp barylýar. Bu üstünlikler dag jynslaryny geçmegiň hasabyna gazanyldy. 2020-nji ýylda ol bellenilen 50 müň 200 metre derek 54 müň 455 metre deň boldy
Işleriň guramaçylyk derejesi, zähmeti goramak we senagat howpsuzlygy talaplarynyň berjaý edilmegi, şeýle hem täze tehnikalaryň ulanylmagy burawçylara önümçiligiň ýokary depgini saklap galmaga mümkinçilik berýär. Müdirlik her ýylda buraw enjamlarynyň parkyny HHR-iň, ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Russiýanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň öňdebaryjy enjamlary we desgalary bilen üstüni ýetirýär.
Täze kuwwatly buraw desgalarynyň ulanylmagy guýulary 7000 metre çenli burawlamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, miosen plastlarynda buraw işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Netijede, nebitiň çykarylyşy düýpli ýokarlanýar.
Demirgazyk Goturdepe käninde geçen ýylda № 194 guýynyň burawy 4 müň 700 metre deň boldy.
«Türkmennebit» DK-nyň önümçilik düzümleriniň netijeli işi «2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm bölegi bolup durýar.
Ussat news
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we SPE energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeňleşdirýär
Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek OGT – 2026 Halkara nebitgaz maslahatynyň çäklerinde Nebitçi inženerler jemgyýetiniň (SPE) wekilleri tarapyndan aýratyn tegelek stol geçiriler diýip, Turkmen Energy Forum habar berýär.
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar
14-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär
10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.