Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň başynda geçiriler
2024-nji ýylyň başynda Aşgabatda nobatdaky Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Moskwada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Owerçuk bilen geçiren duşuşygynda mejlise taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
Ýakynda geçiriljek mejlisiň iki ýurduň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm tapgyryna öwrüljekdigi nygtaldy. Söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýanyň häzirki zaman hakykatlaryna, iki ýurduň zerurlyklaryna we bar bolan özara mümkinçiligine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny gözleýändiklerini bellediler. Şu nukdaýnazardan, ikitaraplaýyn ykdysady we hojalyk gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň ähmiýeti beýan edildi.
Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň arasynda medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun berildi. Şunuň bilen baglylykda, A.Owerçuk, hususanda, Aşgabat şäherinde A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebiniň täze toplumyny, Rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak, şeýle hem türkmen-rus uniwersitetiniň döredilmegi baradaky iki ýurduň Hökümetleriniň arasyndaky gazanylan ylalaşyklary aýratyn belläp geçdi.
Söhbetdeşler bu hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek we diwersifikasiýa etmek üçin Türkmenistanyň we Russiýanyň ykdysady toplumlarynyň degişli bölümleriniň netijeli iş ruhuny tassykladylar.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.