Prezident: Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi we işewürlik forumy iki ýurduň haryt dolanyşygyny artdyrmaga ýardam eder
Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belledi. Sergi çarşenbe güni Aşgabatda açyldy.
Ýygnananlar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy nygtalýar. “Türkiýäniň kompaniýalary türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly iş alyp barmak bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar we işewürlik ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýärler” diýlip, Gutlagda bellenilýär.
«Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda, türk kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary giňden çekmekde bu serginiň hem-de onuň çäklerinde geçiriljek işewürlik maslahatynyň ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynanýaryn» diýlip, Gutlagda bellenilýär.
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda «Meridýen Uluslararası Fuarcılık» türk kompaniýasy bilen bilelikde guraldy.
Gözden geçirilişe gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat uly topar, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň 100-e golaýynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri Aşgabada geldiler.
Öz mümkinçiliklerini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny Türkmenistanda ilkinji gezek tanyşdyrýan kompaniýalar sergä gatnaşyjylaryň agramly bölegini düzýär. Olaryň köpüsi ýurdumyzyň köpugurly ykdysady kuwwaty barada oňat habarlydyrlar we hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler.
Forumyň açylyş dabarasynda çykyş eden türk wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Türkmenistanda maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak we gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly, Türkiýäniň ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmaga taýýardygyny mälim etdi.
Köpugurly sergide türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy — senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, hojalyk we elektronika tehnikalary, öý hojalyk harytlary, dokma önümleri görkezilýär.
Şol gün Aşgabatda şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi hem-de Türkmen-türk işewürlik maslahaty geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.