«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi.
Şu ýyl döredilen žurnalyň 11-nji sany «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýürekdeşlik» atly makala bilen açylýar. Makala Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumyna bagyşlanypdyr. «Beýik maksatlara ruhlandyrýan paýhaslar» atly makalada bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby hakynda buýsançly gürrüň edilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akamediýasynda alnyp barylýan işler we öňde duran wezipeler «Döwrüň täze gadamlary» atly makalada öz beýanyny tapypdyr. «Döwrebap bilim ulgamy» atly makalada bolsa bu ulgamyň kanunçylyk taraplarynyň käbirine düşündiriş berilýär.
Elektron žurnalyň sahypalaryndan Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegine bagyşlanan «Aşgabat ― gözelligiň we binagärligiň nusgasy» atly makalany hem okap bilersiňiz. Magtymguly Pyragynyň dünýewi pelsepesi adybir makalada seljerilip, okyjylar bilen paýlaşylýar.
Žurnalyň täze sanynda rus dilindäki ilkinji makala terjimeçilik sungatyna bagyşlanypdyr. Şunda Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň rus diline terjimesine agram berilýär. Neşiriň geçen sanlarynda bolşy ýaly, täze sanynda hem makalalaryň biri ekologiýa meselesine bagyşlanýar. Iňlis dilinde bolsa suw diplomatiýasyna bagyşlanan makalany okap bilersiňiz.
Neşir her sanynda ýaşlaryň ykdysadyýetdäki ornuna hem aýratyn ähmiýet berýär. Onuň täze sanyndaky «Ykdysady ösüşiň ygtybarly binýady» atly makala bu asylly däbiň mynasyp dowamyna öwrülipdir. Ugurdaş makalalaryň ýene birinde oba hojalygyndaky döwrebap özgertmeleriň gürrüňi edilýär.
Şondan soň türkmen ýaşlarynyň ylmy gözleglerine we onuň netijelerine bagyşlanan makalalara orun berlipdir, olar «Baş maksat ― ekoabadançylyk», «Sanly ulgamlarda maglumat howpsuzlygy» (rus dilinde: «Информационная безопасность в цифровых системах»), «Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynyň mysalynda üsti ýetirilen we hyýaly hakykat tehnologiýasy», «Stem ― okatmagyň häzirki zaman usuly» we «Möhüm çözgüdiň bosagasynda» diýlip atlandyrylýar.
«Teatr sungatynyň halypa ýyldyzy» atly makalada meşhur sahna ussady Sabyr Ataýewanyň ömür we zähmet ýoly yzarlanylýar. Şol sahypada iňlis dilinde ýerleşdirilen makala arkaly dürli halklaryň toý däpleri barada maglumatlar bilen tanşyp bilersiňiz.
Neşiriň geçen sanyndan ýerleşdirilip başlanan «Wawilonyň iň baý adamy» atly kitabyň (Jorj Kleýson) käbir bölümlerinden terjimeler okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şonuň üçin hem täze sanynda ýene bir bölüm paýlaşylýar. Şeýle-de, neşiriň 11-nji sanyndan döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň birnäçesiniň täsirli şygyrlaryny okap bilersiňiz.
Žurnalda çaga terbiýesine, fransuz diliniň edebiýatdaky ornuna, dünýäniň iň gözel tebigy gurşawlaryna we käbir milli tagamlarymyzyň taýýarlanylyşyna bagyşlanan makalalar hem bar. Täze sanyň ahyrky sahypalarynda ýerleşdirilen «Göwün kanagaty» atly oýlanma okyjyny özi bilen bilelikde oýlanmaga mejbur edýär. Däp bolşy ýaly, ahyrky sahypalarda «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginiň täze ýeňijisi bilen hem tanşyp bilersiňiz.
Žurnal gündogar pähimlerinden parçalar we «Hasyl ― 2023» atly fotokollaž bilen tamamlanýar.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.