Habarlar

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisinde türkmen gazyny Türkiýä ibermegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/6423/original-16572e2dedcd3f.jpeg

6-njy dekabrda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisinde türkmen tebigy gazyny türk bazaryna ibermegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

«Mejlisiň çäklerinde Hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisiniň çäklerinde energetika ulgamynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garaldy. Hususan-da, taraplar türkmen tebigy gazyny Türkiýä ibermegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Türkiýä ibermek taslamasynyň ähmiýeti nygtaldy» diýlip habarda aýdylýar.

Ýokarda beýan edilenlerden ugur alnyp, ady agzalan taslamanyň geljeginiň uludygy bellenildi we taraplar ýakyn wagtda ugurdaş edaralaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde gepleşikleri geçirmäge girişmegi ylalaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň işjeňligini we ýokary derejesini belläp, ikitaraplaýyn ähmiýetli bolan söwda-ykdysady, maýa goýum, bank işi, energetika, ulag-logistika, senagat, tehnologiýalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak, şähergurluşyk, oba hojalyk we sport ulgamlary özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýew, türk wekiliýetine bolsa Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň ykdysady mümkinçilikleri, sebit we köptaraplaýyn meseleler, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň altynjy mejlisiniň Teswirnamasy esasynda kabul edilen iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdylar.

Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Başga habarlar
16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16af155aed1f8c.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

16aedc326dc7df.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16aec738a407ec.jpeg
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.