Aşgabatda «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi açyldy
Şu gün paýtagtymyzyň häzirki zaman binagärlik gurluşy esasy köçeleriniň biriniň ugrunda – Magtymguly şaýolunda bina edilen ajaýyp toplum bilen üsti ýetirildi,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Bu işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezidir. Täze toplum işewürlik durmuşynyň jemlenýän ýene bir merkezine, guramaçylykly lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrüler. Onuň açylmagy bilen bu ýerde ýüzlerçe täze iş orunlary hem döredildi.
Jemi 4,7 gektar çäkde ýerleşýän işewürlik merkezli we ýerasty awtoduralgaly «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi birnäçe köpugurly desgalary hem-de merkezde ýerleşýän 3 gatly binasy bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny özünde jemleýär. Bu desgalar häzirki zaman inžener-tehniki çözgütlere laýyklykda hem-de ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleriň binýadynda gurlup ulanmaga berildi.
Toplumyň çäginde ýerleşýän 55 müň 377 inedördül meýdany bolan söwda-dynç alyş merkeziniň düzümine köp sanly desgalar, şol sanda harytlaryň we hyzmatlaryň giň görnüşlerini hödürleýän supermarket bar. Bu ýerde alyjylaryň ygtyýaryna köpsanly dürli dükanlardan başga-da, oýun meýdançalary, kinozal, oýun awtomatly çagalar dynç alyş şäherçesi, restoran we kafe, şeýle hem Toý mekany we beýlekiler hödürlenilýär.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.