Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Wladimir Putine saýlawlarda gazanan ýeňşi we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
“Bu wezipä gaýtadan saýlanylmagyňyz Size bildirilen ýokary ynamyň hem-de ýurduňyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryňyzyň görkezijisi bolup durýar. Siziň baştutanlygyňyzda ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine, Russiýanyň ähli halkynyň öňe gitjekdigine, abadançylygynyň üpjün ediljekdigine ynanýaryn.
Siziň ukyp-başarnygyňyz we baý syýasy tejribäňiz Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge hyzmat eder. Biziň ýurtlarymyzyň örän giň ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyny, ysnyşykly özara hereketlerini aýdyň görkezýän ikitaraplaýyn türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek guwandyryjydyr. Biz Türkmenistanda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris we halklarymyzyň bähbidine ony mundan beýläk-de giňeltmek boýunça bilelikdäki netijeli işimizi dowam etdirmäge taýýardygymyzy beýan edýäris” diýlip, hatda bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Putine berk jan saglyk, abadançylyk, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkynyň parahatçylygynyň, öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.