Türkmen halkynyň Milli Lideri we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Gahryman Arkadagymyz ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygyna öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan köp adam pidalaryna getiren Moskwanyň eteginde düýn agşam bolup geçen pajygaly waka zerarly tüýs ýürekden gynanjyny beýan edip, wepat bolanlaryň garyndaşlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk hem-de medet beriji sözlerini, şeýle hem bu elhenç terrorçylyk zerarly heläkçilik çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.
Biz öňden gelýän dostlardyrys hem-de köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň dost-doganlygyny berkitmek ugrunda bilelikde işleýäris. Şonuň üçin hem şeýle agyr günlerde Türkmenistanyň doganlyk goldawyna doly bil baglap bilersiňiz diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň lukmançylyk kömegini bermäge, derman we sargy serişdelerini, beýleki zerur zatlary ibermäge taýýardygy beýan edildi.
Ejir çeken çagalara hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýarlyk aýratyn nygtaldy. Bellenilişi ýaly, dostluk nyşany hökmünde olary Türkmenistanda kabul edip bolar, şunda olar üçin ýurdumyzyň iň häzirki zaman lukmançylyk we sagaldyş merkezlerinde beden we ruhy taýdan sagalmaklary üçin ähli şertler dörediler. Bu ynsanperwerlik işinde Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran hem-de ýolbaşçylyk edýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ähli mümkinçilikleri peýdalanylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda Russiýanyň Türkmenistan üçin hemişe goňşy dostlykly yurt, strategik hyzmatdaş bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy nygtaldy.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.