Habarlar

Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby halkymyza sowgat bolar

https://ussatnews.com/storage/posts/6950/original-165ffe8694c37e.jpeg

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda türkmen ilinde toýlaryň-toýa ulaşýandygyny belläp, geljek hepdede Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga beriljekdigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza sowgat bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belläp, Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlaryna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan goldaw berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi giň okyjylar köpçüligi üçin uly gollanma boljak «Änew –müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Başga habarlar
16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16aedcf617fb59.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

16aedc326dc7df.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16aec738a407ec.jpeg
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.