USAID-iň «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň Marydaky ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşigi başlandy
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň okuw merkezi bilen bilelikde «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň Marydaky ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşiginiň yglan edýär.
Maksatnamanyň çäklerinde IT ulgamyna degişli bolan şu aşakdaky ugurlar boýunça tölegsiz alty aýlyk kurslar guralar we geçiriler:
• IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak
• Grafiki dizaýny
USAID-iň YDA Taslamasynyň “TechYouth Bootcamp” maksatnamasy IT ugurlar boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir we «bootcamp» formatynda «doly çümmek» görnüşinde intensiw kurslaryny öz içine alýar. Maksatnamanyň esasy maksady ýaşlara hünär almaga we netijeli işe ýerleşmäge mümkinçilik bermek.
Maksatnamanyň Aşgabatda 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli, Maryda 2023-nji ýylyň iýul aýyndan 2024-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli üstünlikli amala aşyryldy we Türkmenabatda 2024-nji ýylyň fewral aýyndan başlap ýerine ýetirilýär.
Okuwlaryň dowamlylygy: 2024-nji ýylyň maý aýyndan noýabr aýyna çenli.
Bu maksatnama 18-25 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary gatnaşyp bilerler.
Gatnaşmak üçin şu baglanyşykdaky hasaba alyş anketany 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 19-na sagat 14:00-a çenli doldurmaly: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSd7SOPM8eDSyBLcyLnIjn9hFusfa9UMqeJJaOHZUKzWOGrF0A/viewform
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.