Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň Baş sekretary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/7010/original-16605c5c3c2959.jpeg

27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri bilen geçiren duşuşygynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Myhman Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan saldamly goşandyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyz döredijilikli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygyň meselelerine jogapkärli çemeleşýär.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyz bilen bu düzümiň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi bu babatda ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edip, bu köptaraply düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam bermäge çalyşýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, energetika ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Ýurdumyz tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, onuň iberilişini, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişligindäki sarp edijilere we üstaşyr geçirijilere iberilmegini ep-esli diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardyr.

Ulag ulgamy özara gatnaşyklaryň beýleki bir möhüm ugrudyr. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan öz geografik taýdan amatly ýerleşmegini nazara alyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ykdysady gatnaşyklaryň esasy ugry hökmünde ulag-logistika merkezlerini ösdürmäge we olaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga uly ähmiýet berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgelerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge has işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň Baş sekretarynyň “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada amala aşyrýan şu gezekki saparynyň ähmiýetini belledi. Bu forum Diýarymyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam eder.

Başga habarlar
16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16aedcf617fb59.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

16aedc326dc7df.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16aec738a407ec.jpeg
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.