Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylary gutlady
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy, şeýle hem «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmen halky uzak taryhy döwürlerden bäri nesilleriň beden we ruhy sagdynlygyna, maşgala däplerine, edep-ekrama, adamkärçilige, pähim-paýhasa, zähmete uly ähmiýet berip gelýär. Merdana ata-babalarymyz bu mukaddes ýörelgeleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip, baýlaşdyryp, nesillerden-nesillere geçiripdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýan, agzybirligimiziň, pähim-paýhaslylygymyzyň, maşgala we terbiýe mekdebimiziň binýadyna öwrülen milli däplerimizi mynasyp dowam etdirýäris.
Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işler ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendir.
Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň yrylmaz döwletliligi, rysgalynyň bollugy, niýetiniň-päliniň bolsa diňe ýagşylyga ýugrulandygy üçin ynsan kalplary şatlyga we buýsanja beslenýär. Şu ýörelgelere eýerip, biz ýaşlarymyzda adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw bermek ýaly häsiýetleri terbiýeleýäris. Halkymyz asyrlarboýy öz nesline aýratyn alada we mähir bilen garap, olara iň oňat zatlary bagyş edipdir. Biz Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini ulanmaga berdik. Munuň özi hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär.
Gaznanyň döredilen gününden bäri saglygy goraýyş merkezlerinde howandarlyga mätäç näsag çagalara ýüzlerçe operasiýalar geçirildi. Çagalara we ýetginjeklere hossarlyk etmegiň, olary aýratyn üns-alada bilen gurşap almagyň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we gaznanyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi milli däplerimize görä çagalary goldamakda, goramakda, olara howandarlyk etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Döwletimiz geljekde-de ýurdumyzyň kanunçylygyna laýyklykda, çagalary durmuş taýdan goldamak babatda beýleki köp sanly çäreleri işläp taýýarlamagy maksat edinýär. Çünki çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir.
Hormatly watandaşlar!
Türkmenistan bütin dünýäde bagtly çagalygyň, çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdy hökmünde tanalýar. Daşary ýurtly wekilleriň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine berýän ýokary bahasy döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň halkara derejedäki şeýle abraý-mertebesiniň sakasynda bolsa adam hakynda edilýän aladalar, çagalary goramak babatda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasaty dur. Döwletimiziň howandarlyga mätäç çagalara berýän hemmetaraplaýyn kömek-goldawy çaganyň bähbitlerine gönükdirilýär.
Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalar geljekde-de döwletimiz tarapyndan uly mähir-alada bilen gurşalyp alnar. Mähriban çagalarymyz we ýaşlarymyz arkasynda dag ýaly döwletimiziň durandygyny, olaryň geljegi hakyndaky aladalaryň bir pursat hem ýatdan çykarylmaýandygyny duýup ýaşamalydyrlar.
Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!
Sizi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan durmuş, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmegi, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda sagdyn ösüp ulalmaklary ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.
Berkarar döwletiň talyplarynyň köňül kelamy
Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna täze ylym-bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem täze ýokary okuw mekdepleri, umumybilim berýän orta okuw mekdepleri ulanylmaga berildi. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan işleriň depgininiň barha ilerleýändigini görkezýär. Şu ýyl hem arzuwlary myrat tapyp, ýokary okuwa giren ýaşlar örän köpdür. Olaryň arasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine täze okuw ýylynda talyplyga kabul edilen ýaşlar hem az däl.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.