Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde maslahat geçirildi
Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginiň maslahat zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat geçirildi,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Gaznanyň döredilmeginiň üç ýyllygynyň Oraza aýyna düşmegi hem bellärliklidir. Türkmen halky öz taryhynyň dowamynda ynsanperwerligiň asylly ýörelgelerine berk ygrarly bolupdyr we şu günki çäräniň bu mübärek günlerde geçirilmegi bu taryhy wakanyň halkymyz üçin ähmiýetini has-da artdyrdy.
Foruma Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň öňüsyrasynda bu ýerde sergi guraldy. Sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döreden ajaýyp eserleri hem-de «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik kitaby bilen tanyşdylar.
Şeýle hem sergide Gaznanyň ýardam bermeginde ýerine ýetirilen operasiýalar üçin ulanylýan sarp ediş serişdeleri, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň öndürýän önümleri, bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň esasynda taýýarlanan çaýlar we beýlekiler bilen tanyşdyryldy.
Monitorlarda gaznanyň işi barada gürrüň berýän wideoşekiller we fotosuratlar görkezildi. Ene-atasyndan jyda düşen we aýratyn durmuş goldawyna mätäç bolan ýaşajyk raýatlarymyz baradaky alada bu Gaznanyň baş maksadydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu gezekki foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işler ýaş nesliň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendir.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda häzirki günde tutuş dünýäniň Türkmenistana hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösýän ýurt, bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde garaýandygy nygtalýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän hem-de beden taýdan sagdyn, ruhy we ahlak taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmäge gönükdirilen syýasatyň aýdyň netijesidir.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.