Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny mukaddes Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen gutlady

https://ussatnews.com/storage/posts/7106/original-1660f98f2cf181.jpeg

Hormatly adamlar!

Eziz watandaşlar!

Sizi Oraza aýynyň haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, ýokary ynsanperwerligi hem-de agzybirligi alamatlandyrýan mukaddes Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gadyr gijesiniň sahawatynyň we berekediniň agzybirligimizi, jebisligimizi pugtalandyryp, eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerimizde täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda maddy we ruhy gymmatlyklary, ynanç-adatlary, däp-dessurlary, ýol-ýörelgeleri döreden halkdyr. Dünýä halklaryny ysnyşdyrýan hem-de dostlaşdyrýan bu miras biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň esasyny düzýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz milli gymmatlyklarymyzy, belent ruhy-ahlak kadalarymyzy, dini we dünýewi ygtykatlarymyzy many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyryp, jemgyýetimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün edýäris.

Musulman dünýäsiniň halklary bilen birlikde, türkmen halky hem gadymy döwürlerden bäri keremli Oraza aýyna, rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň mübärek gijesi hökmünde Gadyr gijesine aýratyn sarpa goýup gelýär. Türkmen halkynyň beýik ogly, şygryýet äleminiň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň: «Ýigrimi dört sagat on iki aýda,//Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýen dürdäne setirleri, «Günüň serweri — juma, aýyň serweri — Remezan», «Her gijäni Gadyr bil, her kimsäni Hydyr bil» ýaly pederlerimizden miras galan nakyllar, berjaý edilýän dini däp-dessurlar, okalýan tarawa namazlary we ýagşy doga-dilegler, her bir maşgalada hem-de döwlet derejesinde berilýän agzaçar sadakalary, rehimdarlyk çäreleri jemgyýetimizde agzybirligi we jebisligi has-da pugtalandyrmakda, nesilleri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemekde Oraza aýynyň hem-de Gadyr gijesiniň aýratyn ornunyň bardygyny görkezýär.

Eziz watandaşlar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen däplerimizi mynasyp dowam etdirip, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnama laýyklykda, döwrebap awtomobil ýollaryny, täze şäherdir obalary, Beýik Allatagalanyň Ýer ýüzündäki mukaddes öýi hasaplanýan metjitleri gurýarys, bag nahallaryny ekip, güneşli Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürýäris.

Mukaddes Oraza aýynyň sahawatly günlerinde bu asylly däplerimize eýerip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman hajy Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde täze metjit açylyp, oňa yslam dinini düşündirmekde meşhur alym Seýit Jemaleddiniň ady dakyldy hem-de bu metjitde agzaçar sadakasy berildi. Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetli gadymy toprakda bu metjidiň açylyş dabarasynyň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen halkara ähmiýetli çäreler bilen utgaşmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakasyna öwrüldi.

Bu gün bolsa il-ýurt bähbitli haýyr işlerimizi mukaddes Gadyr gijesi bilen baglanyşdyryp, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Hazar, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň Ruhubelent, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Döwletli, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherçelerinde gadymy hem-de häzirki zaman binagärlik däplerine laýyk gelýän täze metjitleri ulanmaga berýäris. Müňýyllyklara nur çaýjak bu sogaply işlerimiz jebisligimizi we agzybirligimizi, şöhratly geçmişimize, şu günümize, geljegimize buýsanjymyzy, milli däplerimize ygrarlylygymyzy, at-owazasy, şan-şöhraty Ýer ýüzüne dolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza beýik söýgimizi alamatlandyrýar.

Eziz watandaşlar!

Mukaddes Gadyr gijäňiz mübärek bolsun! Keremli Oraza aýynda hem-de sahawatly Gadyr gijesinde berýän agzaçar sadakalaryňyz, agzybirligimiz we jebisligimiz, abadançylygymyz, bagtyýarlygymyz üçin edýän doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun! Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda, abadan durmuş, egsilmez bagt, ösüşleriň we rowaçlyklaryň ýurduna öwrülen eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Başga habarlar
168fc9019deb95.jpeg
OGT 2025-de “Galkynyş” känini özleşdirmegiň tapgyrlary barada maglumat berildi

Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» halkara maslahatyň çäginde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň laboratoriýasynyň müdiri, tehnika ylymlarynyň doktory Irina Lurýewa «Galkynyş» gaz käniniň häzirki ýagdaýy we onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri boýunça çykyş etdi.


168fc8936594f3.jpeg
Türkmenistan 2027-nji ýylyň başynda TOPH boýunça Owganystana gaz iberip başlamagy meýilleşdirýär

Türkmenistan «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisi arkaly tebigy gazyň Owganystana iberilmegini 2027-nji ýylyň başynda ýola goýmagy meýilleşdirýär.


168fa387ac8f64.jpeg
“Türkmengaz” DK-nyň başlygy: Türkmenistan hyzmatdaşlyk üçin açyk, ygtybarly we taýýar ýurt

Türkmenistanyň Döwlet ministri, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly XXX halkara maslahatyň dowamynda çykyş etdi.

168f89ed6dab54.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2025» XXX halkara sergisi açyldy

22-nji oktýabrda irden Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT 2025) halkara forumy öz işine başlady.


168f8605fc0ec9.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara