Ýaşlaryň söýgüsini gazanan aýdymçy Meýlis HALBAÝEW
Çagalykdan owazlar dünýäsine aralaşan, ajaýyp owazy bilen ýaşlaryň söýgüsini gazanan aýdymçy ýigitleriň biri hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Meýlis HALBAÝEWDIR. Ol «Bitaraplyk ýolunda», «Watan», «Awaza», «Hoş gal», «Bagyş edeli» ýaly aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. USSAT NEWS elektron gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, aýdymçy ýigit bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.
— Meýlis, ykbalyňy sungata baglamagyňyza näme itergi berdi?
— Men Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda doglup, şol ýerdäki 1-nji orta mekdebi tamamladym. Aýdymdyr saza bolan höwes çagalyk ýyllarym döredi. Maşgalada bäş dogan — üç oglan, iki gyz bolup ulaldyk. Maşgalamyz sungata sarpa goýýan adamlar. Mekdepde okaýan döwürlerim sazçylyk sungat mekdebine gatnap, aýdym-sazyň inçe ýollaryny öwrenip, 1999-njy ýylda bolsa «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji boldum. Doganym Serdar ilkinji halypam. Ol Köneürgenç etrabyndaky 10-njy çagalar bagynda aýdym-saz mugallymy bolup işleýär. Doganymyň sungata bolan höwesi meniň hem bu ýoldan gitmegime sebäp boldy.
— Çagalykdan aýdym aýtmagy halapsyňyz. Ilkinji ýerine ýetiren aýdymyňyz...
— Ilkinji gezek çagalar bagyna gatnaýan wagtlarym «Ner gezgin» diýen aýdymy ýerine ýetiripdim.
— Meýlis, türkmeniň bagşyçylyk sungatynda birnäçe ýollar bar. Siz onuň haýsy ýolundan aýdym aýtmagy halaýarsyňyz?
— Aýdym-saz sungaty ynsanyň kalbyna ylham berende joşdurýar. Bagşyçylyk sungatynda birnäçe ýollar bolup, olaryň hersiniň öz aýratynlygy, inçeligi bar. Ynha, Daşoguzyň dessançylyk ýolunyň aýdylyş äheňini, onuň inçeligini halypam, bagşy Baýramdurdy Garrybaýew öwredýär. Halk aýdymlarynyň aýdylyş ýollaryny halypam Hydyr Hanow öwretdi. Halypalaryň her bir öwüdi, sözi, hereketi, sargydy biz — şägirtler üçin görelde mekdebidir. Bagşyçylyk sungatynyň her bir ýolunyň öz öwüşgini bar.
— Haýsy halypalaryň aýdymlaryny diňleýärsiňiz?
— Sungat adamlary duýguçyl bolýar. Kiçiligimden halypa bagşylary ürç edip diňleýärdim. Halypamyz Orazgeldi Ylýasowyň aýdymlaryny diňläp, näme-de bolsa bir zatlar öwrenmäge çalyşýaryn.
— Iň gowy görýän saz guralyňyz haýsy?
— Halkymyz gazma dutara, gyjaga, tüýdüge aýratyn sarpa bilen garapdyr. Özüm-ä dutar saz guralyny gowy görýän. Dutaryň owazy her bir maşgalada ýaňlanyp durandyr. Çagalygymdan dutaryň owazyna oýanardym. Çagalaryma-da, köplenç, dutaryň owazyny diňledýärin. Dutaryň owazy rahatlyk berýär.
— Halypalar «Sungat adamy hiç haçan wagtyny boş geçirmeli däldir» diýýärler. Asylam ynsanlaryň wagta sarpa goýmagy özüne hem kärine sarpa goýdugy hasaplanylýar.
— Dogry aýdylan jümle. Boş wagtlarym halypalaryň aýdymdyr sazlaryny ürç edip diňleýärin. Şondan ylhamlanyp, aýdym döretmäge, saz ýazmaga çalyşýan. Boş wagtlarym sport bilen meşgullanmak hem endigim.
— Aýdymlaryňyzyň ilkinji diňleýjisi kimler?
— Aýdym-saz her bir ynsana ylham paýlaýar. Her bir aýdymyň aýdylyş äheňi bar. Sazandalar Döwran Orazow, Mämmetnazar Muhammetnazarow, Arslan Gökleňow dagy bilen birnäçe aýdymlary işläp, diňleýjilere ýetirdik. Aýdymlarymyň ilkinji diňleýjisi kakam. Sazandalar bilen her bir aýdymyň kämil çykmagy üçin uly yhlas edýäris.
— Okyjylarymyz maşgalaňyz baradaky berjek gürrüňleriňize sabyrsyzlyk bilen garaşýandyrlar!
— Agzybir, döwletli maşgalam bar. Gelnim bilen dört perzendimizi — 1 gyz, 3 oglumyzy ilhalar adamlar edip ýetişdirmek üçin uly alada edýäris. Oglum Musa 5-nji synda okaýär. Ol aýdym-sazyň içinde ýaşaýar. Isa hem Muhammetaly, gyzym Hatyja hem işden öýe dolananyma garaşyp, özleriniň ýat tutan goşgudyr aýdymlaryny uly höwes bilen aýdyp berýärler.
— Söhbetdeşligimiziň ahyrynda ýürek arzuwlaryňyzy hem okyjylarymyza ýetiräýseňiz?!
— Parahat Diýarda arassa howadan dem alyp, kalbyňda keremli türkmen topragynyň gözelliklerine, erkana Watana bolan guwanjyň, buýsanjyň joş alyp ýaşamak uly bagtdyr. Gahryman Arkadagymyz bagtyýar döwrümiziň sungat ussatlaryna uly ynam bildirýär. Geljekde-de ajaýyp aýdymlary döredip, halkymyza ýetireris. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe işlemäge, döretmäge giň ýol açýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri hemişe rowaç bolsun!
— Meýlis, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Ajaýyp aýdymlaryňyzyň owazy belentden-belent ýaňlanyp, aýdym-saz äleminde ylhamyňyz joşup dursun!
— Sag boluň!
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.