Habarlar

Oraza tutmak saglyk beriji aýratyn häsiýete eýedir

https://ussatnews.com/storage/posts/7123/original-16610f6d885100.jpeg

Mübärek Remezan aýynda oraza tutmak adam bedeniniň ähli ulgamlaryna täsir edip, saglyk beriji aýratyn häsiýete eýedir. Ol adamyň nerw ulgamyndan başlap, gan aýlanyş, iýmit siňdiriş, ýürekdir bagra, öýkene çenli öz täsirini ýetirýär. Oraza tutýan adamlarda iýmit siňdiriş agzasy belli bir wagt aralygynda dynçlyk ýagdaýynda bolýar.

Onuň saglyga edýän iň gowy täsiri bagyr bilen baglanyşyklydyr. Bagyr bedende birnäçe wezipäni ýerine ýetirýär. Eger bagra artykmaç agram düşse, ol üstüne ýüklenen wezipeleriň bir bölegini ýerine ýetirip bilmez. Oraza tutmak bolsa oňa her günde 4-5 sagat dynç bermek bilen, bagryň wezipelerini peseldýär, netijede, ol ýitiren birnäçe wezipelerini dikeldýär, şeýle-de kesellere garşy göreşmek ukyby güýçlenýär.

Ýürege täsir edýän üç zat bardyr. Olar damar gatama keseli, nerw ýadawlygy we aşgazanyň hemişe hereketde bolmagy. Bu üç närse orazaly adamda doly dynç alýar. Oraza gan aýlanyş ulgamyna-da öz täsirini ýetirýär. Oraza tutýan adamyň ganynda holesteriniň derejesi pese gaçýar. Bedeniň damar diwarlarynda ýygnanan holesterinler kem-kemden aýrylyşyp, gan aýlanyşygyna goşulyp gidýär. Netijede, häzirki döwrüň iň howply keseli hasaplanylýan ateroskleroz keseliniň öňüni almaklyga ýardam edýär. Orazaly wagtyňda beýnä gan ýeterlik mukdarda gidýär, bu bolsa beýniniň işjeňligini artdyrýar. Orazanyň we berhiziň lukmançylykda örän möhümdigi aýandyr.

Oraza tutýanlar agyz açylanda, çakdanaşa ýagly, agyr naharlary köp iýmeli däldir, köpräk dürli işdäaçarlary we suwuk naharlary iýmeli. Iýip bolandan soňra 2-3 sagat açyk howada gezelenç etmeli. Käbir adamlar irden agyz beklänlerinden soňra ýatmak bilen bolýarlar. Beýle etmek saglyk üçin örän zyýanlydyr. Adatça, agyz açylanda arassa suw ýa-da hurma ulanylýar. Hurma örän ýokary iýmitlendiriji häsiýete eýe bolup, ganyň düzümini peýdaly elementler bilen baýlaşdyrýar. Agyz beklenende beden belli derejede gurpdan gaçýar, hurma bolsa bedeni gurplandyrýar. Finik hurmasynda köp mukdarda demir, magniý, fosfor, mineral duzlar, ýerini çalşyp bolmajak aminoturşular we А, В witaminleri bar.

Oraza aýy ýagty ertirlere bolan ynamymyzy artdyrmaga, agzybirligimizi berkitmäge, ruhy dünýämizi gözelleşdirmäge, şatlanmaga, özgelere şatlyk eçilmäge hem-de daş-töweregimizi gurşap alan tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaga mümkinçilik berýän aýdyr. Mähriban ildeşler, tutýan orazalaryňyz, okaýan doga-dilegleriňiz kabul bolsun!

Abadan BERDIÝEWA,

TSG we DSM-niň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.

Başga habarlar
16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16aedcf617fb59.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

16aedc326dc7df.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16aec738a407ec.jpeg
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.