Habarlar

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

https://ussatnews.com/storage/posts/7132/original-16612bab0558b9.jpeg

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky üçünji sany çapdan çykdy, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy şu baharyň we üstümizdäki ýylyň iň ýakymly serpaýlarynyň biri boldy. Şeýle bolansoň, elektron neşiriň täze sanynyň başlangyç makalasy hem döwlet Baştutanymyzyň kitabyna bagyşlanypdyr.

2-nji martda Garaşsyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmegine 32 ýyl doldy. Neşirde bu şanly sene mynasybetli paýlaşylan makala: «Türkmenistan ― BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi» diýlip atlandyrylýar.

«Ekologiýa abadançylygy ― ählumumy ösüşiň girewi» atly makala 16-njy martda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna bagyşlanypdyr. Şol sahypalarda bahar gözelligine bagyşlanan iňlis dilindäki makala hem paýlaşylýar. «Türkmen zenanlaryna goýulýan sarpa» atly makala, adyndan hem belli bolşy ýaly, Halkara zenanlar gününe bagyşlanypdyr.

2024-nji ýylyň martyny ýaşlar üçin ýatdan çykmajak aýlaryň birine öwren wakalaryň hatarynda türkmen ýaşlaryndan düzülen wekiliýetiň Hindistana amala aşyran iş saparyny bellemek bolar. Saparyň çäklerinde biziň ildeşlerimiz Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň ýaşlary bilen bilelikde dostlukly döwlet bilen ýakyndan tanyşdylar.

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly «Şanly ýylyň dabarasy dünýä dolýar» atly makala bu gadymy şäherde geçirilen halkara dabaralary ýene bir ýola ýatladar.

Däp bolşy ýaly, neşiriň täze sanynda hem döwürdeş şahyrlarymyzyň ýene birnäçesiniň goşgulary paýlaşylýar. Neşiriň şu sanynda nowruz däpleri bilen bagly makala hem paýlaşylypdyr.

Bu gezek öý bikelerimiz bahar işdäaçarynyň taýýarlanylyşy we etli unaşyň bişirilişi baradaky gyzykly maglumatlary okap bilerler.

Neşiriň ahyrky sahypalaryndan «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginiň täze ýeňijisi bilen hem tanşyp bilersiňiz.

Başga habarlar
16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16aedcf617fb59.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

16aedc326dc7df.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16aec738a407ec.jpeg
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.