Habarlar

Türkmenistanda halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan ýurdumyzyň türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy

https://ussatnews.com/storage/posts/7135/original-16612da7da656e.jpeg

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň Başa-baş söweş sungaty sport halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan ýurdumyzyň türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.

Olara döwlet Baştutanymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli guralan çärä Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary döwletleriň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wise-prezidenti, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, türgenler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlarynyň ýeňijilerine - ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

“Siz ata-babalarymyzyň merdana we ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam edip, türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly subut etmelisiňiz! Dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, eziz Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraýyny belende galdyrjakdygyňyza berk ynanýaryn!” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi.

Köp sanly gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda dabaraly ýagdaýda 2024-nji ýylyň ýanwar - aprel aýlarynda geçirilen halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, tapawutlanan türgenlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Başga habarlar
16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.


16aedcf617fb59.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

16aedc326dc7df.jpeg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi

5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.


16aec738a407ec.jpeg
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.