Şahym Abdrahmanow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi
Türkmenistanyň Prezidentiniň
PERMANY
Ş.ABDRAHMANOW hakynda
Şahym Abdrahmanowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2021¬nji ýylyň 11¬nji fewraly.
Şahym ABDRAHMANOW
1963-nji ýylda Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň “Ýagtyýol” geňeşliginde doguldy. Ýokary bilimli. 1986- njy ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlady. Hünäri boýunça — dag inžener-geology.
1986-njy ýylda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň nebit gözleg ekspedisiýasynyň inžener- tehniki gullugynyň geology bolup zähmet ýoluna başlady. 1987 — 2005-nji ýyllar aralygynda şu korporasiýada dürli wezipelerde işledi.
2005-2006-njy ýyllarda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Ýaşyldepe” nebitgaz çykaryjy müdirliginiň baş geology bolup zähmet çekdi. 2006 — 2014-nji ýyllar aralygynda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Lebapnebitgazgözleg” müdirliginiň başlygy, 2014 — 2017-nji ýyllarda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Marynebitgazgözleg” müdirliginiň başlygy boldy.
2017-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy bolup işledi.
2020-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory.
“Türkmenistanyň Bitagraplygynyň 25 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär
10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.
Dragon Oil – OGT 2026-nyň göwher hyzmatdaşy
«Dragon Oil» kompaniýasy 21-23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatynyň göwher hyzmatdaşy bolar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.
Türkmenistanly mugallym Ýaponiýada wodorod energetikasy boýunça ylmy-barlaglary geçirer
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymy Baýram Welhanow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim alýar we wodorod energetikasy ugrunda ylmy-barlaglary alyp barýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy
3-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.