Türkmenistanda 2021-nji ýylda 30 million saýaly, pürli, miweli baglar we üzüm ekiler
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň şol sanda:
ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahalyň;
welaýatlaryň häkimliklerine 20 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.
Şeýle hem resminama bilen Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek hem-de şolaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy
6-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-oktýabr aýlary boýunça jemleri jemlenildi
5-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän iri himiýa toplumy gurlar
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.