Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat GURBANOW
Gülki paýlaýan ynsanlary göreniňde biygtyýar ýylgyranyňy-da duýmaýarsyň. Dogabitdi zehiniňi dogry ulanyp, ony kämilleşdirip, halka ýetirmek bolsa, öz ukybyňa baglydyr. Her bir sahna oýnunda tomaşaçynyň ünsüni özüne çekýän her bir artist ýerine ýetirýän keşbi arkaly ynsan kalbynda orun tutýar. Tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan şeýle artistleriň biri, il içinde gülküli degişmeleri bilen adygan Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat GURBANOW bilen bolan söhbetdeşligimiz sungatymyzyň ösüşli menzilleri dogrusynda boldy.
– Aşyr däde, söhbedimiziň başyny siziň durmuşyňyzda teatryň tutýan orny we sungata bolan çäksiz söýgiňiz, sungat ýolundaky ilkinji ädimleriňiz baradaky gürrüň bilen başlaýalyň!
– Çagalykdan sungaty hemra edinip, gülküli sahna çykyşlaryndan ruhy lezzet alýardym. Kakam daýhan, ejem bolsa öý bikesi bolup, 6 ogly, 3 gyzy terbiýeläp ýetişdirdiler. Mähriban ejem, kakam sungata uly sarpa goýýardylar. Men Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Babadaýhan daýhan birleşiginiň 5-nji orta mekdebini tamamladym. Mekdebimizde baýramçylyk mynasybetli dabara geçirilende basnýalary okardym, olardaky haýwanlaryň sesine öýkünerdim. Maşgalanyň uly perzendi bolamsoň, jigilerimiň ählisine kitap okap bererdim. Ejem süýji dilli, söze çeper zenandy. Kakam daýhan adamdy, ol degişgendi. Köpçüligiň üýşen ýerinde-de özüniň şorta sözlerine ýa-da degişmelerine başlanynda hemmeler gülüp hezil ederdiler. Ejemden dile çeperligi alan bolsam, kakamyň degişgen häsiýetini alypdyryn.
1976-njy ýylda Aşgabadyň medeni aň-bilim tehnikumyna okuwa girip, ony tapawutlanan diplom bilen tamamladym. Soňra Sankt-Peterburgyň Teatr, saz we kinematografiýa institutynyň drama hem kino aktýory bölümine okuwa girip, ony hem tamamlap, ozalky Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda işe başladym.
– Aşyr däde, siziň maşgalaňyzda öň artist bolan barmydy?
– Ejem maňa öz agasy, türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutan artistleriň biri Galpak Herräýew hakda gürrüň beripdi. Bir günem daýym duýdansyz meniň ýerine ýetiren keşplerime tomaşa etmäge barypdyr. Şonda maňa: «Artistlik käri – hupbatly, kyn kär bolup, senden irginsiz zähmeti, ukyby, başarjaňlygy, kanagatlylygy talap eder. Sen mydama öwrenip ýörmeli bolarsyň. Şonda «yhlasyň myrat tapar» diýip, sargyt edipdi. Edil daýymyň aýdyşy ýaly, hemişe öwrenip, yhlas bilen zähmet çekip, halkyň söýgüsini gazanmagy başaran bolsam, onda şunça ýyllyk yhlasymyň ýerine düşdügidir.
– Aşyr däde, artist – dürli ykbally keşpleri janlandyranda şol wakanyň içinde ýaşaýar. Il içinde wäşi artist hökmünde tanalýandygyňyz siziň döredýän keşpleriňize siňipdir ...
– Tomaşaçy artistden köp zada garaşýar. Sahnada ilkinji döreden keşbim «Suwulgan» spektaklyndaky Hargulagyň keşbi boldy. Halypalaryň öwüt-ündewleri, mugallymlarymyň maslahatlary özümi sahnada arkaýyn duýmaga iterdi. Teatrdan çörek iýjek bolsaň, sahna bilen ýaşajak bolsaň, sahnadaky ýerine ýetirýän keşpleriňi öz durmuşyňdaky ýaly kabul etmelidigini halypam Hommat Müllükden öwrendim. Her bir döredýän keşbiňden tomaşaçy lezzet alyp bilýän bolsa, onda artistiň uly üstünligi, keşbiň hem ýerine düşdügi bolýar. Keşp janlandyranyňda, sen bütin durkuň bilen, ähli hereketleriň bilen wakanyň içinde ýaşamagy başarmaly. Her bir döredýän keşplerimizde, degişme sahnalarymyzda ajaýyp döwrümize buýsanç duýulýar. Gün-günden gözelleşýän Watanymyza, bagtly durmuşymyza guwanyp, geljekde-de, täze keşpleri döretmek üçin yhlasymyzy gaýgyrmarys. Tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalary özüňe bolan ynamyňy artdyrýar, kalbyňy şatlandyrýar, ylhamyňy joşdurýar, sahnada öz ukyp-zehiniňi açyp görkezmäge itergi berýär.
Meniň iki oglym, bir gyzym bar. Gyzym Güljan, oglum Döwlet özlerine başga hünär saýlasalar-da, medeniýete, sungata uly sarpa goýýarlar. Döwran bolsa Türkmen döwlet medeniýet institutynda gurjak aktýory ugrundan bilim alyp medeniýete hyzmat edýär. Maşgalamyzyň göz-guwanjy bolan agtyklarymyz Baýhandyr Ilhan, Näzperidir Şaperi bolsa meniň işden öýe dolananyma garaşyp, özleriniň ýat tutan goşgudyr aýdymlaryny uly höwes bilen aýdyp berýärler.
– Aşyr däde, size her gün mawy ekranyň öňünde eziz körpeler sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Çaga dünýäsine girip, olaryň zehinini açmak uly ussatlygy talap edýärmi?
– Çaga ynanjaň bolýar. Çagalar bilen özleri ýaly bolup gürleşmek, olary gyzyklandyrmak üçin uly yhlas etmeli. Körpeler bilen gepleşeniňde, olaryň ynanjaň hem täsin dünýäsine seresaply çemeleşmeli bolýar. Her gün körpelerimiz üçin niýetlenip ýaýlyma berilýän «Siziň üçin, körpeler!» gepleşigimiz körpe balalarymyza niýetlenýär. Gepleşige ýurdumyzyň çar künjünden körpeler gatnaşyp, özleriniň bilýänje goşgusyny ýa-da aýdymyny sowgat getirýär. Çaga dünýäsi – päk dünýä. Oňa aralaşmak artist üçin uly bagt. Bagtyýar döwrümiziň körpejeleri eziz Arkadagymyzyň saýasynda, baky bagtyň gujagynda erkana ýaşaýarlar.
– Aşyr däde, siziň wagta goýýan sarpaňyz uly diýsek ýalňyşmarys. Biz muny esasy käriňiziň daşyndan teleýaýlymda hem gyzykly gepleşikleri alyp barmaga wagt tapýandygyňyzy göz öňünde tutup aýdýarys.
– Artist halky hiç haçan wagtyny boş geçiresi gelenok. Wagt gyzyldan gymmatly. Ony boş geçirmejek bolmaly. Sen sahna ýa-da mawy ekrana çykdyňmy, mähriban iliň, ata Watanyň, saňa ynam bildirip, orta çykaran halypalaryň öňünde jogapkärçiligiňi duýmaly. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplaryna sapak berenimizde-de, çagalar gepleşigini ýa-da radiogepleşiklerini alyp baranymyzda-da yhlas-zehinimizi gaýgyramzok. Zehiniň, ukyp-başarnygyň bilen halka hyzmat etmek, mukaddes Watanymyzyň ösüş-özgerişlerini wasp etmek biziň üçin uly bagt.
– Aşyr däde, her ýyl özüniň ýakymly ýatlamalary bilen hakydada galýar, biz hem size Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany ýylynda halkymyza ruhy lezzet paýlamagyňyzy dowam etdirmegiňizi arzuw edýäris!
— Sag boluň!
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA
Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew
Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA
Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow
Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, «Siz — Watan Serweri, ýaşa, Arkadag!», «At üstünde belent ykbal, Arkadag!», «Ýör öňe, ýör öňe Arkadag bilen», «Parahatçylyk senasy», «Ak kepderi älem-jahan bagtynda» ýaly eserleri bilen ajaýyp döwrüň beýik işlerini wasp edýän halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOWYŇ ýüreginden çykýan joşgunly sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan beýik söýgi bar.