Tölegsiz bildirişler

USAID-iň YDA Taslamasy iş berijileri Türkmenabatdaky «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň iş orunlar ýarmarkasyna çagyrýar

https://ussatnews.com/storage/posts/7934/original-1667d43c154277.png

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) «Tälim» okuw merkezi bilen bilelikde «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň Türkmenabat tapgyrynyň iş orunlar ýarmarkasyny geçirýändigi we gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän iş berijilerden ýüztutmalaryň kabul edilişigi barada yglan edýär. Çäre 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 6-da sagat 11.00-da Türkmenabat şäherindäki «Tälim» okuw merkezinde geçiriler.

Bu çärede iş berijiler üçin «TechYouth Bootcamp» maksatnamasyna gatnaşyjylary bilen söhbetdeşlik geçirmäge we olardan ýaş we zehinli işgärleri saýlamaga mümkinçilik dörediler. Maksatnama gatnaşyjylar IT ulgamyndaky şu aşakdaky hünärleriň birisi boýunça alty aýlyk intensiw okuwy tamamlaýarlar:

1. Grafiki dizaýny (Graphic design)

2. IT ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek we dolandyrmak (IT system maintenance and administration)

USAID-iň YDA Taslamasynyň “TechYouth Bootcamp” maksatnamasy IT ugurlar boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir we «bootcamp» formatynda «doly çümmek» görnüşinde intensiw kurslaryny öz içine alýar. Maksatnamanyň esasy maksady ýaşlara hünär almaga we netijeli işe ýerleşmäge mümkinçilik bermek.

Maksatnama Aşgabatda 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan 2023-nji ýylyň iýun aýyna çenli, Maryda 2023-nji ýylyň iýul aýyndan 2024-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli üstünlikli amala aşyryldy. Maksatnamanyň Mary şäherindäki ikinji tapgyry hem 2024-nji ýylyň maý aýyndan noýabr aýyna çenli ýerine ýetirilýär. Türkmenabatda maksatnama şu ýylyň fewral aýynda başlandy we awgust aýynda tamamlanar.

USAID-iň YDA Taslamasy maksatnamany Türkmenabatda «Tälim» okuw merkezi bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrýar.

Iş beriji hökmünde iş orunlar ýarmarkasyna gatnaşmak üçin aşakadaky baglanyşykdaky hasaba alyş formasyny 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 4-ne sagat 18:00-a çenli doldurmaly: https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSeUxBQabHMnNlg_flEjQxunHGjpyuVyAkLaz8tCS0m93PTT1A/viewform

Soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda elektron poçtanyň şu salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: HAtabayev@q2impact.com

Başga tölegsiz bildirişler
16665be5422903.jpeg
USAID-iň YDA Taslamasy “Startup Bootcamp” maksatnamasynyň başlanýandygy yglan edýär

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) “Oguzabat” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde “Startup Bootcamp” maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilşigini yglan edýärler.


16660914c52a94.png
USAID-iň YDA Taslamasy halkara hünär sertifikasiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän kompaniýalary we guramalary çagyrýar.

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) Türkmenistanda halkara hünär sertifikasiýasyny geçirmek ulgamyny işläp düzmek we ornaşdyrmak boýunça maksatnamalary bilelikde amala aşyrmakda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän ýerli kompaniýalary we guramalary çagyrýar.


1656088bccbf35.png
USAID-iň YDA Taslamasy «TechYouth Bootcamp» maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar.

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) Türkmenistanda işleýän okuw merkezleri, kadrlar agentlikleri, konsalting kompaniýalary we beýleki kompaniýalary “TechYouth Bootcamp” maksatnamasyny Aşgabatda we welaýatlarda bilelikde amala aşyrmak maksady bilen hyzmatdaşlyga çagyrýar.

1654dc18ee3efe.png
USAID YDA Taslamasy tejribelige çagyrýar

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) iş bilen üpjün etmek hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalary üçin stažýorlary kabul edýär. Stažýorlar “Wakant” iş orunlar onlaýn-platformasyny ornaşdyrmagyň üstünde kadrlar agentlikleri bilen işleşerler.


1651a42f993a59.png
Türkmenistanda iş gözlemek üçin niýetlenen “Wakant” onlaýn-platformasy işe girizildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) iş gözleýänler üçin niýetlenen “Wakant” onlaýn-platformasyny işe girizdi.