Habarlar

Türkmenistanly kiçijik pianinoçynyň ilkinji ýeňişi

https://ussatnews.com/storage/posts/9393/original-16780d64fbf42c.jpeg

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen medeni hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan zehinli çagalary kesgitlemek we olaryň döredijilik netijelerini köpçülige tanatmak üçin ençeme mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda zehinleriň hünär taýdan ösmegi üçin ähli şertler bar.

Şol tagallalardan ugur alyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep internatynyñ mugallymlary hem aýdym-saz sungatynyň ýokary çeperçilik mysallarynda çaganyň şahsyýetini terbiýelemek we ösdürmek ýaly işleri alyp barýar.

Ýakynda “Gyş ertekisi” atly X halkara çagalar bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Ony gurnaýjy Moskwa şäherindäki “Zehinleriň mozaikasy” atly çagalaryň döredijilik ösüş merkezidir.

Şu döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda Türkmenistandan ýaşajyk pianinoçy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 3-nji synp okuwçysy Akmelek Nuryýewa hem bar. Ol "7-8 ýaş" toparynda "Solo fortepiano" kategoriýasyna gatnaşdy.

Akmelek meşhur nemes nusgawy kompozitory I. S. Bahyň we XIX asyryň ahyrynda we XX asyryň başynda ýaşan polýak kompozitory G. Pahulskiniň eserlerini ýerine ýetirdi. Akmelek Nuryýewa iki diplom berildi: 2-nji derejeli laureat diplomy (G. Pahulskiniň "Arzuwlar" pýesasyny ýerine ýetireni üçin) we 3-nji derejeli laureat diplomy (I. S. Bahyň "Kiçijik prelýudiýa" d-moll bilen çykyşy üçin).

Mundan başga-da, görnükli rus pianinoçy mugallymlaryny öz içine alýan ýokary derejeli professional emin agzalary ajaýyp mugallym, ussat halypa – Ida Grigoriýewna Osipowanyň işine ýokary baha berdi we oňa “Pedagogiki ussatlygy, çagalaryň we ýaşlaryň döredijiligi ösdürmekde we taýýarlamakda, şol sanda Nuryýewa Akmelegi “Gyş ertekisi” atly X halkara bäsleşigine taýýarlamakda goşan goşandy üçin” minnetdarlyk hatyny gowşurdy.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.