YHG agza döwletleriň işewürler forumy 26-njy noýabrda Aşgabatda geçiriler
16.11.21 - 18:49Aşgabatda 26-njy noýabrda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň işewürler forumy geçiriler diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň saýty habar berýär.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
16.11.21 - 12:02Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.
Uzynada: nobatdaky guýudan uglewodorod çig malynyň senagat akymy alyndy
15.11.21 - 18:29Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşen Uzynada käninde nobatdaky gözleg-barlag guýusyny burawlamak işlerinniň barşynda çig malyň senagat akymy alyndy. Bu işi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Türkmenistan 10 aýda Gruziýa 54,9 müň tonna awiasion ýangyç eksport etdi
15.11.21 - 17:27Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Gruziýa awiasion ýangyjynyň 54,9 müň tonnasyny eksport etdi diýip, Gruziýanyň Nebit önümlerini import edijileriniň birleşmesi habar berýär. Şu ýylyň on aýynda Gruziýa 73,5 müň tonna uçar ýangyjyny import etdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäherinde iş maslahatyny geçirdi
15.11.21 - 13:2313-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde bolmagynyň çäklerinde käbir wise-premýerleriň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysynyň, saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy, şol sanda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy.
Hazaryň kenarynda ýedi gatdan ybarat köpugurly hassahananyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan
15.11.21 - 09:3813-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde bolmagynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň haýyşy boýunça 400 orunlyk köpugurly hassahananyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan gurluşygy bilen tanyşdy.
Ýurdumyzyň oba hojalygynyň öňdebaryjy işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy
15.11.21 - 03:0213-nji noýabrda paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki hünärmenleri sylaglamak dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy
14.11.21 - 10:3912-nji noyabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitindäki çykyşy
14.11.21 - 10:11Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitindäki çykyşy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde täze kabul edilen kanunlara garaldy
14.11.21 - 08:44“Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermegiň maksatlary, usullary we tertibi kesgitlenildi. Emläk eýesiniň hem-de bu işde ynançly dolandyryjynyň arasynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän bu resminamanyň möhümdigi bellenildi.
Halk Maslahatynyň agzalary “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanuny biragyzdan makulladylar
14.11.21 - 07:1712-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda 30-njy oktýabrda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň 15-nji maslahatynyň barşynda kabul edilen kanunlara garaldy.
Ýurdumyzyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler
13.11.21 - 18:5311-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.
Türkmenistan 9 aýda Özbegistana 127 mln litr awtomobil benzinini eksport etdi
13.11.21 - 16:24Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Özbegistana 126,8 million litr benzin eksport etdi. Bu barada Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti duşenbe güni habar berdi. Umuman, şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda Özbegistan 289 million litrden gowrak benzin import etdi. Bu ýangyçlaryň umumy bahasy 104 million ABŞ dollaryna barabar boldy.
Türkmenistan Awstriýanyň kompaniýalaryna gazhimiýa ulgamyndaky taslamalara gatnaşmagy teklip edýär
13.11.21 - 15:19Türkmenistan tebigy gazy has çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek üçin täze kuwwatlyklary gurmak boýunça tasllamalary durmuşa geçirmeklige we maliýeleşdirmeklige Awstriýanyň kompaniýalaryny çekmeklige gyzyklanma bildirýär.
Aşgabatda pudaklaýyn halkara onlaýn maslahat geçirilýär
12.11.21 - 08:32Paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2021” atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işiniň birinji gününi tamamlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ony “Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.