Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
07.09.21 - 14:24Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Žair Bolsonarua hem-de onuň üsti bilen ýurduň ähli dostlukly halkyna Braziliýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
«Bagtyýarlyk» gaz käninde täze taslama badalga berildi
07.09.21 - 11:10«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň günbatar böleginiň gaz ýataklarynda ýerüsti desgalaryň gurluşygyna girişildi, bu ýataklary Önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyga laýyklykda, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) «Amyderýa» gaz kompaniýasy işläp taýýarlaýar.
Hormatly Prezidentimiz welosipedli gezelenji amala aşyrdy hem-de ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy
06.09.21 - 22:43Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty däbe eýerip, beden maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de dynç güni ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
06.09.21 - 22:22Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglady
06.09.21 - 22:03Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginde özleriniň zehinlerini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Türkmenistan tebigy gazyň gazylyp alnyşyny we eksportyny artdyrdy
12.09.21 - 06:50Şu ýylyň 8 aýynda Türkmenistanda tebigy gazyň gazylyp alnyşy 55 milliard kubmetrden geçdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 10,4 milliard kubmetr köpdür.
Ýurdumyzda maglumat geçiriş multiserwis tory kämilleşdirilýär
06.09.21 - 14:16Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda Hökümet münberi açylar
05.09.21 - 22:3716-njy sentýabrda, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, paýtagtymyzda Köpetdag şaýolunyň ugruny bezejek Hökümet münberiniň açylmagy göz öňünde tutulýar. Bu gurluşygy “Bouygues Batiment Internasional” fransuz kompaniýasy alyp barýar.
Nebitgaz toplumynda hoşallyk maslahaty geçirildi
05.09.21 - 09:304-nji sentýabrda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň 1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy okuw sapagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky Düzgünnamany tassyklady
04.09.21 - 16:49Ýurtda awtoulag hyzmatlaryna bolan barha artýan islegleri kanagatlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işini halkara talaplara laýyklykda has-da kämilleşdirmek, şeýle hem “Awtomobil ulagy hakynda” we “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Ýurdumyzda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy
04.09.21 - 14:533-nji sentýabyrda ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy.
Ýurdumyzda “An-2” kysymly uçarlar üçin awiabenzini öndüriler
04.09.21 - 14:06Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýüztutmasy esasynda “An-2” kysymly uçarlar üçin daşarky bazarlardan satyn alynýan awiabenzini öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
«Nebitgazçykaryş» tresti nebitiň we gazyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrýar
03.09.21 - 22:28«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň işgärleri guýulary düýpli abatlamak hem-de olary ulanyşa girizmek netijesinde nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmaga düýpli goşant goşdular.
Gurbanguly Berdimuhamedow: nebitgaz pudagy Türkmenistanyň ykdysady garaşsyzlygyny berkitmekde esasy binýadymyz bolup durýar
03.09.21 - 13:33Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ykdysady garaşsyzlygymyzy berkitmegiň, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, kuwwatly, köpugurly önümçilik pudaklaryny döretmegiň esasy binýady bolup durýar.
Türkmenistanda ýokanç keselleriň ýaýramgynyň öňüni almak üçin edaralarda çeýe iş tertibini girizmek maslahat berilýär
02.09.21 - 20:31Dünýädäki häzirki epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly möwsümleýin wirus ýokançlygynyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdna goramak ministrligi ýurduň ähli guramalaryna, eýeçilik görnüşine garamazdan ähli edaralaryna wagtlaýynça işgärleriň çeýe iş wagty geçmegi maslahat berýär.