
Ýurdumyzda maglumat geçiriş multiserwis tory kämilleşdirilýär
06.09.21 - 14:16Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda Hökümet münberi açylar
05.09.21 - 22:3716-njy sentýabrda, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, paýtagtymyzda Köpetdag şaýolunyň ugruny bezejek Hökümet münberiniň açylmagy göz öňünde tutulýar. Bu gurluşygy “Bouygues Batiment Internasional” fransuz kompaniýasy alyp barýar.

Nebitgaz toplumynda hoşallyk maslahaty geçirildi
05.09.21 - 09:304-nji sentýabrda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň 1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy okuw sapagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky Düzgünnamany tassyklady
04.09.21 - 16:49Ýurtda awtoulag hyzmatlaryna bolan barha artýan islegleri kanagatlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işini halkara talaplara laýyklykda has-da kämilleşdirmek, şeýle hem “Awtomobil ulagy hakynda” we “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Ýurdumyzda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy
04.09.21 - 14:533-nji sentýabyrda ozal hereket edýän Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy.

Ýurdumyzda “An-2” kysymly uçarlar üçin awiabenzini öndüriler
04.09.21 - 14:06Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýüztutmasy esasynda “An-2” kysymly uçarlar üçin daşarky bazarlardan satyn alynýan awiabenzini öndürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

«Nebitgazçykaryş» tresti nebitiň we gazyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrýar
03.09.21 - 22:28«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň işgärleri guýulary düýpli abatlamak hem-de olary ulanyşa girizmek netijesinde nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmaga düýpli goşant goşdular.

Gurbanguly Berdimuhamedow: nebitgaz pudagy Türkmenistanyň ykdysady garaşsyzlygyny berkitmekde esasy binýadymyz bolup durýar
03.09.21 - 13:33Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ykdysady garaşsyzlygymyzy berkitmegiň, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, kuwwatly, köpugurly önümçilik pudaklaryny döretmegiň esasy binýady bolup durýar.

Türkmenistanda ýokanç keselleriň ýaýramgynyň öňüni almak üçin edaralarda çeýe iş tertibini girizmek maslahat berilýär
02.09.21 - 20:31Dünýädäki häzirki epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly möwsümleýin wirus ýokançlygynyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdna goramak ministrligi ýurduň ähli guramalaryna, eýeçilik görnüşine garamazdan ähli edaralaryna wagtlaýynça işgärleriň çeýe iş wagty geçmegi maslahat berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy sapak geçdi
02.09.21 - 19:441-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi.

Türkmenistan Owganystana zyýansyzlandyryş erginlerini hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde berer
02.09.21 - 19:23Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, Türkmenistan tarapyndan Owganystana lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli zyýansyzlandyryş erginlerini hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy.

Ýuriý Şkuriniň taryhy surat kyssasy
01.09.21 - 19:44«Türkmenistan» gazetiniň aksakgaly, fotohabarçy Ýuriý Iwanowiç Şkurin şunuň ýaly berk düzgün-nyzamda laýyk 44 ýyl işledi. Biz öz işiniň ussady Ýuriý Şkurin bilen her gün diýen ýaly duşuşýardyk, sebäbi ol, bagtymyza, biziň hem «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetimiziň fotohabarçysydy. Ýuriý Iwanowiçiň mylakatly, hoşgylaw häsiýetlidigi üçin ol hakda ähli zady diýen ýaly bilýärdik.

«Türkmengaz» DK we «Haldor Topsoe» tebigy gazdan ammiak we metanol önümçiligini ýola goýmaga taýýarlanýar
01.09.21 - 19:26«Türkmengaz» döwlet konserni Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasy bilen Türkmenistanda tebigy gazy gaýtadan işläp, ammiak we metanol önümçiligi boýunça kiçi göwrümli gazhimiýa zawodyny gurmak boýunça gepleşikler geçirýär.

Hormatly Prezidentimiz dabaraly harby ýörişi geçirmegiň meýilnamasyny makullady
01.09.21 - 14:21Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak ministri B.Gündogdyýew bilen iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti mekdep okuwçylaryny, talyp ýaşlary we bilim işgärlerini Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlady
01.09.21 - 08:18Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Mähriban talyplar, eziz okuwçylar! Sizi Garaşsyz Watanymyzda giňden bellenilýän, Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.