Ajaýyp döwrümiziň aýdymçysy Arslan SAPAROW
Aýdym-sazyň hoş owazy ýaňlanyp başlanda, her bir ynsan oňa maýyl bolýar. Şonuň üçin hem «Aýdym — adamlaryň göwün syrdaşy» diýilýär.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň zehinli aýdymçysy Arslan Saparowyň ýerine ýetirýän «Gözleriň gara dälmi», «Pagtaçy gözel», «Arkadagly Watanym», «Ah, söýgi», «Sen bilen, söýgülim» ýaly aýdymlary diňleýjileriň göwün güzerinde düşleýär. Biz hem okyjylarymyzyň isleglerini göz öňünde tutup, zehinli aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.
— Arslan, söhbetdeşligimizi sungat älemine gelşiňden başlaýaly?!
— Aýdym-saz dünýäsine aralaşmak her kimde bir hili ýol bilen başlanýar. Heniz çaga wagtlarym öýümize atly bagşylar gelerdi. Atamyň dogany, Türkmenistanyň halk bagşysy Ödenýaz Nobatowa hem «ata» diýip ýüzlenerdik. Onuň ýanyna halypa bagşylaram, şägirtlerem gelerdi. Gün ikindine sapyp ugrandan öýümizde aýdym-sazyň owazy ýaňlanardy.
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň S. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde doglup, şol ýerdäki 3-nji orta mekdebi tamamladym. Soňra bilimimi Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebinde dowam etdim.
— Onda aýdym-saza aralaşmagyňda belli bir derejede halypaň ýanyna gelýän şägirtleri hem sebäp bolupdyr-da?!
— Eli dutarly, gyjakly oglanlaryň aýdym-saza jan edişlerini görüp, meniňem sungata bolan höwesim döredi. Wagtyň geçmegi bilen aýdym-saz dünýäsi has giňeýär, tejribe toplaýarsyň. Baýramçylyk çärelerinde, konsertlerde çykyş edip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmak üçin yhlas edýärin.
— Bagtyýarlyk döwrümizde türkmen medeniýetini, halk aýdym-sazlaryny ösdürmek bilen bilelikde, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda hem uly işler edilýär. Gürrüňimizi şular dogrusynda dowam edäýeli...
— Hawa, dogry aýdýarsyňyz. Ýaşlarymyz üçin ajaýyp döwrümizde sungatda zehinini kämilleşdirip, Watanymyzy wasp etmäge ähli mümkinçilikler bar. Bagtyýar döwrümizde yhlas edip işleseň, zehiniňe mynasyp sarpa goýulýar. 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bagty nesip etdi. Saýlap alan hünäriňe bolan çäksiz söýgi, tutanýerlilik, yhlasly zähmet bagtly durmuşy peşgeş berýär. Döredýän aýdym-sazlaryň mahmal owazyna diňleýjileriňi maýyl edip bilseň, çeken zähmetiň ýerine düşdügi hasaplaýaryn.
— Halypalar ýaş aýdymçylara döredijilik ýolunda ussatlygyny kämilleşdirmek üçin köp zähmet çekmelidigini, sungatyň inçe ýollaryny gözlemegi ündeýärler...
— Halypalaryň her bir sargydy — bize nusga. Halypam Ödenýaz Nobatowyň aýdym-sazlaryny uly höwes bilen diňleýärin. Halypa bagşylar atamlara üýşerdiler. Şonda oglan wagtlarymyz olaryň gürrüňlerine aşyk bolup, aýdym aýdyşlaryny öwrenjek bolup, yhlas ederdik. Olaryň sungatyndan öwrenjek bolardyk, şolara meňzejek bolardyk. Gurbanmyrat Nobatowyň, Töre Nobatowyň sungat ýolumdaky maslahatlary maňa ýol-ýörelgedir.
— «Ata kesbi — ogla halal» diýen pähim bar. Bu siziň maşgalaňyza hem degişli diýip arkaýyn aýtsa bolar...
— Ata göreldesi hemişe dogry ýoly salgy berýär. Sungat äleminde kimler ata-enesiniň kesbini dowam etdirse, kimler kalbyndaky ylhama, joşguna berlip aýdymly dünýä gatylýar. Biziň maşgalamyzda-da aýdym-saza söýgi nesilme-nesil dowam edip gelýär.
— Arslan, tüweleme, üç ogul perzendiňiz bar. Halkymyzda «Sungaty bilen meşhurlyga eýe bolýan adamlaryň yzy ýitmeli däl, ony hökman dowam etdirmeli» diýilýär...
— Meşhur aýdymçylaryň, artistleriň, suratkeşdir heýkeltaraşlaryň, ýazyjydyr şahyrlaryň maşgalasyna syn edeniňde, şol ýerde nesil yzarlamanyň bardygy aýdyň görünýär. Gelnim Sülgün bilen ogullarymyzyň sungata höweslidigine begenýäris. Uly oglum Kakajan dep, Kerim bolsa gitara çalýar. Kemal hem aýdym-saza höwesek. Olaryňam arzuw eden hünärlerine ýetip, kemal tapmaklaryny arzuw edýärin.
— Diýmek, dowamat dowam bolýar-da?!
— Hawa, «Enem-atam — şirin dilli ussadym» diýýär ata-babalarymyz. Bu bolsa ene-atanyň her bir babatda çagalaryna görelde diýildigidir. Körpe jigim Baýram Saparow hem aýdym-saz bilen meşgullanýar.
— Durmuşyňyzda kitabyň orny?
— Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerini gaýtalap okaýaryn.
— Sport bilen meşgullanýarsyňmy?
— Hawa, her gün meşgullanýaryn. Ir säherde, agşamara ýöriş edýän, şeýle-de welosiped sürýän, boş wagtlarym dostlarymyz bilen futbol oýnaýarys.
— Arslan, gowy görüp diňleýän aýdymçylaryňyz kimler?
— Zehinli aýdymçylar Annaguly Myratdurdyýewiň, Guwanç Ýazmämmedowyň, Nurýagdy Rejepowyň, Sahydursun Hojakowanyň, Eneş Rejepowanyň aýdymlaryny lezzet alyp diňleýärin.
— Geljekde öňüňde goýan maksatlaryň barada-da aýdaýsaň...
— Ajaýyp döwrümizi, Gahryman Arkadagymyzyň halk bähbitli tutumly işlerini wasp edýän täze aýdymlary döredip, diňleýjilere ýetirmek — baş maksadym. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni ajaýyp aýdymlar bilen näçe wasp etseňem, az. Diýarymyzyň gözellikleri, ajaýyplyklary ylhamyňa ylham goşýar.
— Arslan, beren gyzykly gürrüňleriň üçin köp sag bol! Saňa sungat äleminde üstünlikler ýar bolsun!
— Sag boluň!
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.