«Nebitgazçykaryş» tresti «Türkmennebit» DK-nyň nebit çykarylyşynyň möçberlerini ýokarlandyrýar
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazçykaryş» trestiniň işgärleri nebit çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak, guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek we olary ulanyşa girizmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Nebit guýularyny ulanmakda olaryň netijeliliginiň pese düşmegi gutulgysyz ýagdaý bolandygy üçin nebit çykarylyşyny netijeli guramak bu iş bilen meşgullanýan kärhanalaryň öňünde duran möhüm wezipedir.
Şeýlelikde, 2020-nji ýylda öndürijilikli bolmadyk guýularyň dikeldilip ulanyşa girizilmegi netijesinde trestiň burawçylary «gara altynyň» çykarylyşyny 300 müň tonna möçberinde üpjün etdiler.
Şu ýylyň iki aýynda trestiň burawçylary tarapyndan meýilleşdirilen 78 guýa derek 84 sany guýy ulanyşa girizildi. Netijede, bellenilen döwürde nebit çykarylyşynyň möçberiniň alnan ösüş derejesi meýilleşdirilen 7 müň 67 tonna derek 9 müň 709 tonna barabar boldy.
«Türkmennebit» DK-nyň zähmet düzümleriniň hünärmenleri tarapyndan amala aşyrylýan işlerde dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary we buraw desgalary ulanylýar. Şeýlelikde, konserniň ygtyýarynda «Bentek» (GFR), «ZJ-70 DS» (HHR), «Uralmaş» (RF) we beýlekileriň öndüren desgalary bar.
Öňdebaryjy tehnologiýalary we desgalary oturtmak hem-de ulanmak netijesinde guýulary düýpli abatlamak boýunça hünärmenler işiň hil taýdan täze derejesine çykdylar. Şu ýylyň iki aýynda 102 sany guýy abatlanyldy, şolardan 84-si ulanyşa girizildi.
Bu döwürde «Gumdagnebit» nebitgazçykaryş müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan çykarylýan nebitiň möçberi meýilleşdirilen 322 tonna derek 1 müň 47,5 tonna, «Gamyşlyjanebit» nebitgazçykaryş müdirligi tarapyndan bolsa meýilleşdirilen 352-ä derek 1 müň 358,5 tonna deň boldy.
Ussat news
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar
Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.