«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow

07:53 30.12.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/2619/original-161cd265ce8819.jpeg

Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.

Olaryň hatarynda ýurdumyzda döredilen ilkinji kärhanalaryň biri — önümlerini ýokary dünýä ölçeglerine laýyklykda çykarýan türkmen mebel senagatynyň öňdebaryjysy — «Aýbölek» mebel fabrigi bar. Bu mebel önümçiligine on ýyldan gowrak wagt bäri öz işiniň ussady, döwlet sylaglarynyň — «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» hem-de «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medallarynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Meretmuhammet Täçmuhammedow ýolbaşçylyk edýär.

«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Meretmuhammet TÄÇMUHAMMEDOW bu gün redaksiýamyzda myhmançylykda.

— Meretmuhammet Baýmuhammedowiç, ýurdumyzda telekeçiligiň üstünlikli ösmegi diňe Diýarymyzda däl-de, eýsem, daşary ýurt bazarynda bäsdeşlige ukyply bolan hususy kärhanalaryň açylmagy bilen gös-göni baglydyr. Olaryň hatarynda siziň «Aýbölek» mebel fabrigiňiz hem bolup, onuň işine başlaýşyňyz barada gürrüň beräýseňiz.

— Ýurdumyzyň hususy işewürliginiň ilkinji önümçilikleriniň biri bolan kärhanamyzyň açylyş dabarasy 2010-njy ýylyň 29-njy iýulynda boldy. Fabrigiň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly

Berdimuhamedowyň gatnaşmagy işgärlerimiz tarapyndan çäksiz hormat we uly jogapkärçilik hökmünde kabul edildi.

Biziň fabrigimiz telekeçiligi goldamagyň döwlet maksatnamasynyň çäklerinde guruldy. Ýeňillikli karzlaşdyrmanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen, biz ýokary öndürijilikli enjamlary satyn aldyk we agaçdan mebelleri taýýarlamaga girişdik.

— «Aýbölek» fabrigi dessine import önümleriniň ornuny tutýan harytlary öndürýän kärhana öwrülmegi başardy. Işiň üstünlikli başlanmagyna näme ýardam etdi?

— Biz öndürilýän önümleriň hiline üns berdik, şonuň üçin enjamlar seçilip alnanda iň gowy Ýewropa nusgalaryny saýlap aldyk. Fabrikde oturdylan dünýäde iri «HOLZMA» nemes kompaniýasynyň agaç kesiji enjamy mebelleriň dürli görnüşleriniň önümçiligini ýokary dünýä ölçegleri boýunça ýola goýmaga mümkinçilik döretdi.

Hormatly Prezidentimiz fabrikde bolanda, biz kompýuterleşdirilen enjamlaryň mümkinçiliklerini, kuwwatly enjam arkaly ýerine ýetirilýän çylşyrymly tehnologik işleri görkezdik.

Biziň çykarýan mebellerimiziň görnüşleriniň yzygiderli artýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Häzir biz köpçülikleýin funksional, şeýle hem saýlama mebelleri taýýarlaýarys, olary öndürmek üçin gerek bolan çig maly Ýewropadan satyn alýarys.

— Türkmen bazarynda siziň önümleriňiz uly islege eýe bolup durýar. Alyjy «Aýbölegiň» mebelini saýlaýar, munuň sebäbi nämede?

— «Aýbölek» fabriginiň ýokary hili we dizaýnynyň dürlüligi bilen tapawutlanýan mebelleri daşary ýurtly mebeller bilen üstünlikli bäsleşýär. Şunda olar import görnüşlerinden has arzan düşýär, bu bolsa alyjylary özüne çekýär.

Biz hususy sargytçylaryň, şeýle hem edara-kärhanalaryň isleglerini kanagatlandyryp bilýäris. Edaralar üçin, şeýle hem çagalar baglary we okuw mekdepleri, lukmançylyk edaralary, umumyýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar, harby bölümler hem-de sport toplumlary üçin mebelleri öndürmekde uly tejribe topladyk. Saglygy goraýyş, bilim we harby edaralarynyň hajatlary üçin biziň kärhanamyz metal karkasdan mebelleri hem öndürýär.

Öndürilýän önümleriň hili tejribeli hünärmenleri, şol sanda dizaýnerleri çekmek bilen üpjün edilýär, olar sargytçylaryň isleglerini nazara almak bilen, mebelleriň nusgalaryny işläp düzýärler.

Soňky ýyllarda çykarylýan önümleriň görnüşleri ep-esli artdy. Mysal üçin, mebel diwarlyklarynyň, eýwan mebelleriniň, şkaflaryň, ýatakhana we çaga garniturlarynyň, naharhana we kompýuter stollarynyň we beýleki mebelleriň dürli görnüşleri ilat arasynda uly islegden peýdalanýar. Biz hususy sargytlar boýunça hem mebel taýýarlaýarys.

Biziň hödürleýän hyzmatlarymyzyň sanawyna mebelleriň eltilmegi we olaryň tejribeli hünärmenler tarapyndan ýygnalmagy ýaly hyzmatlar girýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge uly üns bermegi, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen hususy kärhanalaryň işine uly goldaw berilmegi import önümleriniň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçiligi giňeltmäge mümkinçilik döretdi.

Biz, öz nobatynda, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşandymyzy goşmaga çalyşýarys.

— Meretmuhammet Baýmuhammedowiç, siz mebel ulgamynda telekeçilik işi bilen fabrik açylmazdan öň meşgullanyp başlapsyňyz, şondan öň toplanan tejribe size ýardam etdimi?

— Hawa, bu hut şeýle. 2000-nji ýylda, fabrigiň işi başlanmazdan on ýyl öň men «Aýbölek» mebel dükanyny açdym. Şondan bäri ol biziň müşderilerimizi ýokary hilli döwrebap mebeller bilen üpjün edip, dünýä boýunça mebel kärhanalarynyň 23-den gowragy bilen özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny saklaýar.

Mebel önümçiligine bolan höwesimiň mende baryp çagalyk döwründe dörändigini bellemek isleýärin, şonda men agaçdan şaý-sepler ýasapdym, ýetginjeklikde bolsa, şol höwesim öz mebel dükanymy açmak arzuwyna öwrüldi.

— Ýyllar geçip, siziň çagalyk arzuwyňyz hasyl bolupdyr-da...

— Hawa, geçen ýyllaryň içinde biz uly üstünlikler gazanandyk. häzir biziň öz dükanymyz, agajy we demri gaýtadan işleýän ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen mebel fabrigimiz, şeýle hem öz önümlerimiz we import önümleri üçin niýetlenen ammarlarymyz bar. Bularyň hemmesi iş orunlarynyň 200-sini döretmäge mümkinçilik berdi. Türkiýeden, Eýrandan, Ukrainadan, Rumyniýadan çig mal getirýänler bilen gatnaşyklar ýola goýuldy.

Biz öz müşderilerimize dürli hyzmatlary hödürleýäris hem-de «Aýbölek» fabriginiň mebelleriniň diňe türkmenistanlylaryň öýlerini bezemek bilen çäklenmän, eýsem, olara ýurdumyzyň çäklerinden alyslarda hem isleg bildirilýändigine diýseň buýsanýarys.

— Däbe öwrülen sowalymyz — geljek üçin meýilleşdirýän işleriňiz...

— Biz daşary ýurtlarda kärhanamyzyň şahamçalaryny açyp, işimiziň gerimini giňeltmäge çalyşýarys. Munuň üçin Türkiýäniň we Rumyniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirýäris.

Daşary ýurt şahamçalarymyzyň işiniň meýilleşdirilýän ugurlarynyň biri — milli däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmak bolup durýar. Şol maksat bilen biz körpeler üçin milli sallançaklary, çaga oýnawaçlaryny, agaç atlaryny — kürsüleri, milli nagyşlar, keşdeler bilen bezelen mebelleri öndürmegi maksat edinýäris.

Biziň kompaniýamyz ençeme jemgyýetçilik işlerine hem işjeň gatnaşyp gelýär. Mysal üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada çagyryşyna jogap edip, «Aýbölegiň» agzybir işgärleri senagat we edara binalarynyň töwereginde 7 müň 500-den gowrak saýaly we miweli agaç nahallaryny oturtdylar. Biz bu asylly işi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan ägirt uly ekologiýa taslamasyna mynasyp goşandymyzy goşmagy maksat edinýäris.

— Meretmuhammet Baýmuhammedowiç,  ussatnews.com elektron gazetiniň işgärleriniň adyndan siziň 2022-nji ýylda ähli meýilleriňiziň amala aşmagyny, işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýäris.

— Sag boluň! Pursatdan peýdalanyp, biz hem sizi we gazetiňiziň ähli okyjylaryny ýetip gelýän 2022-nji ýyl bilen gutlaýarys! Hemmelere jan saglyk we bagtyýarlyk arzuw edýäris!

Söhbetdeş bolan Ussa USSAÝEW,

ussatnews.com elektron gazetiniň baş redaktory.

Başga makalalar
1608556950c38e.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi ÇARYÝEW

Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly Pyragy ýubileý medalynyň eýesi Kakageldi ÇARYÝEWIŇ ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynda, şanly toý-baýramlarda mylaýymdan ýakymly ses bilen ýerine ýetirýän aýdymlary kalplara aralaşyp, her bir adama ruhy lezzet berýär.


15f7c864a1531b.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Gülşat GURDOWA

Türkmenistanyň halk artisti Gülşat GURDOWA bilen bolan söhbetdeşligimiz uzaga çekdi. Çünki sungata ýüregi bilen berlen adamda saýlap alan käri barada aýdara zat köp bolýar, sungat bolsa uç-gyraksyz täsirli dünýä. Şol täsirler seni özüne bendi edip, duýguly dünýä sary alyp gidýär.


160642518ad5c0.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew

Halypa artist Anna Meläýew kino we sahna eserlerinde ençeme keşbi döretdi, çeper filmlere ses bermäge gatnaşdy. Ol ýüz keşbi, hereketleri, sözleýiş äheňi bilen sahnada janlandyrýan gahrymanlarynyň häsiýet aýratynlyklaryny tomaşaça ýetirmäge ussat. Şeýdibem ol milli ýa-da daşary ýurt eserleri bolsun, tomaşaçyny döredýän keşbiniň dünýäsinde ýaşadyp bilýär.


16040fe227d289.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Almagül NAZAROWA

Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolan aýdymçy zenan, dessançy bagşy Almagül Nazarowa bilen söhbetdeş bolup, onuň sungat ýoly barada beren täsirli gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik.


16087d13f4eedd.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Atageldi GARÝAGDYÝEW

Hemmemiziň ýadymyzda Aşgabatda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň çäklerinde “ARKALAŞYGYŇ ÝYLDYZLARY” atly döwletara baýragyna mynasyp bolan adamlary sylaglamak dabarasy. Bu ýokary sylaga ilkinji gezek ýurdumyzyň wekili — Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory Atageldi GARÝAGDYÝEW mynasyp boldy.