KÜŞTDEPDI – MILLI MIRASYMYZ
Türkmen halky gadymy bolmak bilen bir hatarda milli gymmatlyklara baý halk hasaplanýar. Taryhyny geçmişiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan şol gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, nesillere ýetirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Türkmen toýlarynyň bezegi hasaplanýan küştdepdi hem şolaryň biridir. Milli medeniýetimiziň bir şahasy hasaplanýan bu tans sungatynyň taryhyna nazar salsak gadym zamanlarda ony bir hassanyň depesinde durup “küşt, küşt” diýip, onuň keselini kowmak manysynda ulanylypdyr. Soň-soňlar bu däp kälmilleşip şu günki derejesine gelip ýetipdir.
Bu tans dessury ilki Balkan welaýatyň töwereginde ýaşaýan ilat arasynda meşhur bolupdyr. Olar hazar deňziniň gyralarynda üýşüp küşt depipdirler. Küştdepdiniň “bir depim”, “iki depim”, “üç depim”, “diwana” ýaly ýerine ýetiriliş aýratynlyklary bar. Alymlaryň bellemeklerine görä, Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan taryhy gymmatlyklarda çekilen küştdepdi tansyny ýerine ýetirýänleriň şekilleri hem bu milli gymmatlygymyzyň taryhyny gadymdan alyp gaýdýandygyna şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň waspyny öz gazallarynda jemleýän küştdepdini toýlarda, baýramçylyklarda giňden ýerine ýetirýärler. Olaryň gazallaryny diňläniňde hem hem bagtyýar zamanamyzyň waspyny duýmak bolýar.
Başlalyňa başlalyň,
Küşt depmäne başlalyň.
Küşt depip, gazal aýdyp,
Göwnümizi hoşlalyň.
Berkarardyr illerim,
Gül diýarym bagtyýar,
Joşýan şahyr kalbynda,
Arkadaga alkyş bar.
Küştdepdi dünýäniň dürli ýurtlarynda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirilende hem uly joşgun bilen ýerine ýetirilýär. Hatda, daşary ýurtlularyň hem türkmenlere goşulyp küşt depenini görüp bu milli gymmatlygymyza bolan buýsanjyň has-da artýar. Ýene-de bir belläp geçmeli zatlaryň biri hem, milli tans sungatynyň 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegidir. Bu çözgüdiň kabul edilmegi türkmen halkynyň milli tans sungatyna goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşan bolup durýar.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.