Aýsoltan KOWUSOWANYŇ durmuş we döredijilik ýoly
Ýurdumyzyň teatrlarynda milli eserlerimiz bilen bir hatarda, doganlyk halklaryň eserleri hem sahnalaşdyrylýar. Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda özbek dramaturgy Nurullo Abbashanyň Türkmenistanyň halk artisti Nury Hudaýgulyýew tarapyndan sahnalaşdyrylan «Körpe gelin» atly komediýany tomaşaçylar tarapyndan şowhunly garşy alyndy. Onda körpe gelniň gaýynenesiniň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýsoltan KOWUSOWA ussatlarça janlandyrmagy başardy.
Aýsoltan Kowusowa bilen durmuş we döredijilik ýoly barada guran söhbetdeşligimizi USSAT NEWS elektron gazetiniň okyjylaryna ýetirmegi makul bildim.
— Aýsoltan, ykbalyňyzy teatr sahnasy bilen baglanyşdyrmagyňyza itergi beren zat näme?
— «Adam arzuwsyz bolmaz, guş — ganatsyz» diýlişi ýaly, çagalykdan artist bolmagy arzuw edýärdim. Teleýaýlymyň üsti bilen halypa artistleriň çykyş edýän sahna oýunlaryna yzygiderli tomaşa edýärdim. Arzuwym meni paýtagtymyzdaky öňki Medeni aň-bilim tehnikumyna alyp geldi. Tehnikumyň aktýorlary taýýarlaýan bölüminde okap, ony üstünlikli tamamladym. Şeýdibem 2001-nji ýylda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda işe başladym. Bu gün meniň arzuwym hasyl bolup, onuň miwesinden süýjülik bilen dadyp ýörün.
— Teatra gadam basanyňyzdan sahnada ilkinji döreden keşbiňiz we onuň özüňizde galdyran täsiri hakynda gürrüň beräýseňiz?!
— Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda ilkinji döreden keşbim «Hüýrlukga — Hemra» dessanynda baş keşpleriň biri bolan Has-Keniziň keşbi boldy. Bu keşbi maňa Türkmenistanyň halk artisti Ata Alowow ynandy. Menem halypamyň ynamyny ödejek bolup yhlas edip, Has-Keniziň keşbini tomaşaçylara ynandyryjy ýetirmegi başardym. Şondan soň teatryň režissýorlary keşp yzyna keşp ynanyp başladylar, olardan «Sawçy sallahlarda» Ýamanja ejäniň, «Bir ojakda iki dünýäde» Bike daýzanyň, «Baý gelinde» Selbijemal Gelenownanyň, «Nurana şekillerde» gumly gelin Arzuwjemalyň keşplerini ýatlamaga mynasyp hasaplaýaryn.
— «Körpe gelin» atly täze sahnalaşdyrylan spektaklda döreden keşbiňiz we şol keşbiň özüňizde galdyran täsiri barada aýdaýsaňyz...
— Biziň teatrymyzda doganlyk halklaryň sahna eserlerine hem yzygiderli ýüzlenilýär. Ine, geçen teatr möwsüminde özbek dramaturgy Nurullo Abbashanyň «Körpe gelin» atly spektaklyny sahnalaşdyrdyk. Maňa bu oýunda körpe gelniň gaýynenesi Karima apanyň keşbi ynanyldy.
Agzybirlik, birek-birege söýgi, hormat-sylag, maşgala binýadynyň berk tutulyp, onuň hiç haçan mizemezligini gazanmak baradaky pikirler bu oýnuň içinden eriş-argaç bolup gelýär. Karima apa maşgalada agzybirligi, tertip-düzgüni, edep-terbiýäni berk gorap saklamakda görelde bolup durýar. Bu enäniň keşbi maňa örän ýakyn, ol söýgüli keşplerimiň biri bolup ykbalymda orun aldy.
— Siz «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen «Ömür kerweni» atly köp bölümli filmiň baş gahrymany Kerweniň ejesiniň keşbini döretdiňiz...
— Türkmenistanyň at gazanan artisti Şyhmämmet Mollaýewiň surata düşüren «Ömür kerweni» atly köp bölümli filminde maňa Kerweniň ejesi Annatäç enäniň keşbini ynandylar. Perzendine diňe halallygy, päkligi ündeýän enäniň keşbini döretmegim meni tomaşaçylar köpçüligine has-da ýakynlaşdyrdy. Bu keşp durmuşdaky häsiýetime-de gabat gelýär diýip hasap edýärin. Häzirki güne çenli filmiň 20 bölümi «Miras» teleýaýlymy arkaly görkezilip, halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.
— Siziň maşgalaňyza «sungat maşgalasy» hem diýýärler.
— Ýanýoldaşym Tirkeş Kowusow Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda artist hem-de «Türkmenfilm» birleşiginde kinorežissýor bolup zähmet çekýär. Uly oglum Didar Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň artisti. Gyzym Eneş artistçilik ugrundan ýokary bilim aldy. Körpe oglum Döwlet sporty saýlady. Gelnim öý hojalykçy, agtyklarym bar. Geçen 2018-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz maňa-da Medeniýet şäherçesinden ähli amatlyklary bolan bäş otagly öý berdi. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza bütin maşgalamyzyň alkyşy çäksizdir.
— Aýsoltan, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň!
Söhbetdeş bolan Akmyrat HOJABERDIÝEW,
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň hünärmeni.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.