Habarlar

Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy öz işine başlady

https://ussatnews.com/storage/posts/10295/original-16808b28c1a550.jpeg

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň paýtagtynda Kuala-Lumpur maslahat merkezinde (KLCC) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – TEIF 2025-iň açylyş dabarasy geçirildi.

Foruma gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň iberen gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Ýüzlenmäni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow okady.

Wise-premýer çykyşynda, ýurdumyzda garaşsyzlyk ýyllarynda nebitgaz pudagynda gazanylan uly üstünlikler barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de Batyr Amanow daşary ýurtly maýadarlary Türkmenistanyň energetika toplumynda täze taslamalary – şol sanda “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegi, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklarynyň gözleg we işlenip taýýarlanylmagy, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy, uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän kärhanalaryň döredilmegi we ýokary hilli taýýar önümleriň öndürilmegi ýaly ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Soňra “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: dünýä energetikasynyň we durnukly ösüşiň geljegini emele getirmekde Türkmenistanyň orny” atly umumy mejlis başlady. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen 2025-nji ýyl “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen ýylda Türkmenistan baý tebigy serişdelerine, strategik ýerleşýän ýerine we parahatçylyk ýörelgelerine daýanyp, ählumumy energetikanyň geljegini şekillendirmekde öňdebaryjy orny eýelär.

Mejlisiň esasy mowzuklaryna energetika diplomatiýasynyň binýady hökmünde Türkmenistanyň energetika syýasatynyň orny, sebit durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlyk ýaly meseleler girýär. Hususan-da, TOPH gaz geçirijisiniň energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we milli hem-de Günorta Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetine maýa goýum mümkinçiliklerini döretmekdäki ähmiýeti nygtaldy.

Umumy mejlisiň dowamynda şeýle hem Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyndaky orny, sebitde durnuklylyk we howpsuzlyga goşandy, ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleri binýady, bar bolan transmilli gaz geçirijiler we nebitgaz senagatyndaky täze maýa goýum taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň birinji gününiň gün tertibinde şeýle hem “Türkmenistanyň energetika pudagynda täze maýa goýum mümkinçilikleri: tebigy gaz we onuň monetizasiýasy” atly panel duşuşygy hem girizildi. Bu sessiýanyň dowamynda tebigy gazyň eksportynyň täze mümkinçilikleri, gazhimiýa we gaz esasynda elektrik energiýasynyň öndürilişi barada gürrüň edildi. Şeýle-de Türkmenistan–Hytaý, TOPH, Özbegistana we swap görnüşindäki iberişler ýaly iri başlangyçlara aýratyn üns berildi.

Panel duşuşygyndaky esasy mowzuklaryň hatarynda: bar bolan we täze tebigy gaz eksport ugurlarynyň seljermesi; “Galkynyş” käniniň senagat taýdan özleşdirilişiniň indiki tapgyrlary; gazhimiýa toplumlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we täze toplumlaryň gurluşygy; tebigy gaz esasynda elektrik energiýasynyň öndürilişi; TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilişindäki ösüşler; Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TAP) ugry boýunça elektrik eksportynyň täze we bar bolan ugurlary hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen baglanyşykly meseleler bar.

Forumyň aýratyn mejlisi bolsa Türkmenistanyň infrastruktura taslamalaryna maýa goýum çekmek işleriniň çaltlandyrylmagyna bagyşlandy. Bu ýerde gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýa ugurlaryna aýratyn üns berildi.

24-nji aprel – penşenbe güni forum öz işini dowam etdirer. Şeýle-de forumyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz, maliýe, himiýa, gurluşyk we energetika pudaklarynyň ýolbaşçylary bilen ylalaşylan duşuşyklar geçiriler.

Başga habarlar
16affe81268764.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki ÇYKYŞY.


16afee64177f1e.webp
Halk Maslahatynyň Prezidiumy Türkmenistanyň ykdysady ösüş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdy

18-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.


16afe95e52b934.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy.

16afc1cc99e9e7.jpeg
Yslamabatda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi

16-njy noýabrda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.


16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.