Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy BERDIÝEW
Sungatyň dürli ugurlaryny özünde jemleýän sahna oýunlarynyň şowly çykmagy ilki bilen režissýoryň yhlasly zähmetine bagly. Gowy eseri saýlap almak, eseriň gahrymanlarynyň daş keşbine, häsiýetine gabat gelýän artistlere keşpleri paýlamak, şeýle-de eseriň edebi esasynyň awtory, saz hem sahna, yşyk bezegçileri bilen düşünişip işleşmek režissýordan başarjaňlygy talap edýär.
Biziň şular dogrusyndaky söhbetdeşimiz Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynyň ýolbaşçysy, ussat režissýor, Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy BERDIÝEW.
— Handurdy aga, sahna režissýorlygyna yhlasyňyzyň syry nämede?
— «Gyrat», «Döwletli döwran geldi», «Hak aşyklar», «Awazada asal aýy», «Görogly we Agaýunus», «Elwan ýaglykly serwim» ... umuman, 30-a golaý oýny sahnalaşdyrdym. Ilki bilen-ä baş ýolbaşçy bolamsoň, teatrymyzyň beýleki teatrlardan abraýynyň kem bolmazlygy üçin uly borjy egnimde göterýärin. Galyberse-de, ugrum artistlik hünäri bolsa-da, ýokary okuw mekdebinde tejribeli režissýor-mugallymlardan tälim aldyk. Mugallymlarymyz artistlikden daşgary režissýorlykdan hem tälim berdiler. Okuwymy tamamlap, öňki Aman Gulmämmedow adyndaky Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynda artist bolup işe başladym. Ol ýerde Türkmenistanyň halk artisti Hommat Müllük ilkinji halypam boldy. Halypam maňa öz sahnalaşdyran «Däliler» spektaklynda Öweziň keşbini ynanyp, tanalmagyma, kämilleşmegime ýardam etdi. Şeýle-de Baýram Seýdullaýew, Öwez Gelenow, Öwlüýaguly Hojagulyýew, Täçmämmet Mämmetweliýew, Goçmyrat Bekiýew ýaly halypa režissýorlaryň arasynda işlemegim režissýorlykda tejribämiň artmagyna sebäp boldy. Bu bolsa biziň teatrymyzda taryhy, nusgawy hem döwrebap drama oýunlary bilen birlikde milli dilimize terjime edilen daşary ýurt dramaturglarynyň eserlerini-de sahnalaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
— Teatryňyzda tatar dramaturgy Zaki Zaýnulliniň pýesasy esasynda «Alty gelin» atly sahna dramany ogluňyz Arslan Berdiýew sahnalaşdyrdy. Şägirdiňiz hökmünde ýaş režissýoryň bu işi hem-de onuň döredijiligi hakynda aýdaýsaňyz?
— Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan teatrlaryň arasynda döredijilik hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Bu ýaşlaryň kämilleşmegine uly ýardam berýär. Arslan şol wagt Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda işleýärdi. «Alty gelin» dramasy onuň ilkinji synanyşygy. Oýnuň çeper ýolbaşçysy bolup, bile işleşdik. Watançylyk temasyndan ýazylan terbiýeçilik ähmiýetli eser esasynda döredilen bu oýunda haýsy milletdigine garamazdan, zenanlaryň maşgalasy, perzentleri, ýanýoldaşy üçin yhlaslylygy, ojagyna wepadarlygy ynandyryjy beýan edilýär. Arslanyň sahnalaşdyran bu oýnunyň şowly çykmagyny halypalardan öwrenenlerimi şägirde geçirmekdäki yhlasymyň ýerine düşdügi hasap edýärin.
— «Syrly synag» atly täze sahnalaşdyran oýnuňyz Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tomaşaçylara özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.
— Elbetde, her bir baýramçylyga toý sowgatly barmak teatrymyzyň döredijilik toparynyň däbine öwrüldi. «Syrly synag» atly sahna oýnunyň edebi esasyny Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew ýazdy. Oýny ýaş režissýor Eziz Işangulyýew sahnalaşdyrdy. Oýnuň çeper ýolbaşçysy bolup bile işleşdik. Birek-birek bilen agzybir işleşip, tomaşaçylaryň göwnünden turýan sahna oýunlaryny halkymyza ýetirmek hem-de hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçiliklerine mynasyp zähmet goşandymyzy goşmak esasy maksadymyz.
— Handurdy aga, okyjylarymyzy durmuş ýoluňyz hem-de maşgala ýagdaýyňyz bilen tanyşdyraýsaňyz.
— Men Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Hurmant–Gökje daýhan birleşiginde doguldym. Dogduk obamyzdaky orta mekdebi tamamlap, Sankt-Peterburg şäherinde N.Çerkasow adyndaky Teatr, saz we kinematografiýa döwlet institutynyň drama we kino aktýory bölüminde okadym. Ýokary okuwy tamamlap şondan bäri hem teatrda işläp gelýärin. Maşgalaly, üç çagam bar. Aýalym Türkmenistanyň at gazanan artisti Gerek Hojamämmedowa.
— Çekýän zähmetiň netijesine gowy baha berilmegi her kim üçin hem ýakymly.
— Elbetde, işiňe gowy baha berilmegi, döwlet sylaglaryna mynasyp bolmak begendirýär. Şonuň bilen birlikde jogapkärçiligiňi has-da artdyrýar. Milli medeniýetimiziň, teatr sungatymyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemek bolsa, biz— sungat işgärleri üçin iň uly bagt. Gahryman Arkadagymyzyň belent ynamyny ödemek üçin geljekde-de yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.
— Handurdy aga, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sagboluň! Işiňizde üstünlik, durmuşda rowaçlyk arzuw edýäris!
Söhbetdeş bolan Akgül SAPAROWA,
USSAT NEWS.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.