Makalalar

Türkmenistanyň at gazanan artisti Dürsoltan Annamyradowa

https://ussatnews.com/storage/posts/1035/original-1606eeb30a6ec0.jpeg

Islendik hünäri saýlanyňda hem, ilki bilen ynsanyň kalbynda şol hünäre bolan söýgi bolmaly. Biziň söhbetdeşimiz çagalyk ýyllaryndan bäri radioda çykyş edip, ömrüni döredijilige bagyşlan, mahmal owazy bilen köpçüligiň söýgüsini gazanan halypa žurnalist, Türkmenistanyň at gazanan artisti Dürsoltan Annamyradowa.

-Dürsoltan gelneje, her bir ynsanyň öz geljekki hünärini saýlap almagyna bir zat sebäp bolýar. Ilki bilen söhbetdeşligimizi radiožurnalistika ugruny saýlap almagyňyz bilen bagly gürrüňler bilen başlaýalyň.

- “Guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz” diýilýär. Çagalyk döwrümde ýüregimde dörän radio bolan söýgi meniň şu hünäri saýlap almagyma sebäp boldy. Radioda okuwçy döwrümden çykyş edip başladym. Aşgabat şäheriniň 34-nji orta mekdebinde okap ýören wagtlarym biziň mekdebimize radiodan halypa Amangeldi Sähedow göreldeli okaýan okuwçylardan interwýu almak üçin geldi. Ol meniň sesimi diňläp görüp “Seniň radioda gürlemek üçin örän oňat, owadan sesiň bar” diýdi. Özümiňem radio höwesim bolansoň, halypanyň aýdan sözlerine monça boldym. Soňra meni radioda çykyş etmek üçin çagyrdylar. Ilki-ilkiler maňa goşgulary, baýramçylyk gutlaglaryny okadýardylar. Şeýlelik bilen çaga ýüregimdäki arzuwlar hasyp bolup başlady.

-Gürrüňdeşligimizi zähmet ýoluňyza başlamagyňyz hakyndaky gürrüň bilen dowam edäýseňiz.

-Mekdebi tamamlanymdan soňra maňa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa girmek bagty miýesser etdi. Talyplyk ýyllarymdan ýagny, 1978-nji ýyldan başlap men şol radioda alypbaryjy bolup işledim. Meni alypbaryjylyga ilkinji ugrukdyran, onuň inçe tilsimlerini öwreden Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Baýram Gurbanowdyr. Halypanyň maslahatlaryna eýerip, ýuwaş-ýuwaşdan öz üstümde köp işledim we kem-kemden kämilleşip ugradym. Soňra men “Çar tarapdan”, “Watan”, radioýaýlymlarynda hem birnäçe ýyllap işledim. 2012-nji ýyldan bäri bolsa, “Miras” radioýaýlymyda zähmet çekýärin.

-Radioda gürlenende obraza girip, dürli keşpleri ýerine ýetirmeli bolanda haýsy zatlara has köp üns bermeli?

-Gowy sorag berdiňiz. Şu ýerde men halypam Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow barada aýdyp geçmek isleýärin. Ol maňa obraza girip gürlemeli bolanda janyň-teniň bilen berilmelidigini, ilki bilen şol obrazy özüňe siňdirmelidigini öwretdi. Halypa ýasama zatlary halamazdy. Ol hemişe gürleýän keşbiňi özüň hökmünde göz öňüne getirilende, onuň radiodiňleýjileriň göwnüne ýaraýandygy barada köp aýdardy.

-Dürsoltan gelneje, gürrüňdeşligimiziň ahyrynda geljekde özüni radio ulgamyna bagyşlajak ýaş žurnalistlere berjek maslahatlaryňyz barada aýdaýsaňyz.

-Radio jadyly dünýä. Radiožurnalistikanyň talap edýän esasy zatlarynyň biri edebi dil bolup durýar. Radioda alypbaryjy arassa gürlemegi başarmaly, sözleri akgynly okamaly. Tekstler, goşgular hem öz temasyna laýyklykda dürli görnüşde okalýar. Olaryň okalyş tilsimlerini öwrenmeli, şonuň üçinem siz öz üstüňizde köpräk işlemeli. Radioda daşary ýurt dillerinde habarlary ýa-da tekstleri okamaly bolanda, şol dilde gürleniliş aýratynlygyna has köp üns berjek boluň. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän ynamy ödäp, türkmen diplomatiýasynda gazanylýan üstünlikleri şöhlelendirjek halkaraçy hünärmenler bolup ýetişmegiňizi arzuw edýärin!

- Dürsoltan gelneje, beren gyzykly gürrüňleriňiz we maslahatlaryňyz üçin sag boluň. Siziň hem, abraýly käriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Söhbetdeş bolan Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Başga makalalar
16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.


16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.

169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.