Türkmenistan amala aşyrýan iri taslamalarynda ekologiýa syýasatyny ileri tutýar
Soňky ýyllarda tükeniksiz çeşmelerden alynýan «ýaşyl» energiýa (gaýtadan dikeldilýän energiýa) bolan gyzyklanma bütin dünýäde, şol sanda biziň Garaşsyz ýurdumyzda barha ýokarlanýar. Bu energiýanyň ulanylyşyny tygşytlamak, ekologik abadançylygy gazanmak bilen, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, energiýanyň arzan, ýagny ykdysady çykdajysy az görnüşlerini peýdalanmak bilen baglydyr. Onuň ygtybarlylygyna daşky gurşawda yzygiderli bolup geçýän proseslerden alynýanlygy esas bolup durýar. Daşky gurşawyň prosesleri, hadysalary bolsa tükeniksizdir. Diýmek, jemgyýetiň howpsuz we amatly energiýa çeşmeleri bilen elýeterli üpjün edilmegine şert döreýär.
«Ýaşyl» energiýa tebigy ýol bilen doldurylýan Gün şöhlesi, ýel, ýagyş, tolkunlar we geotermik ýylylyk ýaly tebigy resurslardan alynýar. Şunda Gün, ýel energetikasynyň ähmiýeti has-da uludyr. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyna laýyklykda şu ugra degişli taslamalaryň yzygider durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda gazylyp alynýan ýangyjy tygşytlamaga we elektrik energiýasynyň önümçiligini ýokarlandyrmaga, onuň eksportyny artdyrmaga, daşky gurşawa oklanýan zyňyndylary azaltmaga mümkinçilik berýär, sebäbi energiýanyň alternatiw çeşmeleri özleşdirilende we ulanylanda daşky gurşawa zyňyndylar az bolýar. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň arasynda iň kuwwatlysynyň Gün energiýasynyň paýyna düşýändigini bellemek gerek. Berkarar Türkmenistanda Gün energetikasyny ösdürmek üçin amatly şertler doly ýeterlik, ýagny ýylyň dowamynda 300-den gowrak güneşli gün bolup, gije-gündiziň ýagty wagty 12 — 14 sagada barabardyr. Gün energiýasynyň möhüm mümkinçilikleri gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ulanmak arkaly parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmagy we Pariž Ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmegi göz öňünde tutýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli strategiýasy we «Howanyň üýtgemegi boýunça hereketleriň 2025-nji ýyl üçin ýaşlaryň Ýol kartasy» bu çemeleşmeler üçin esas bolup hyzmat edýär. Bu resminamalarda Türkmenistanyň energiýa pudagynyň geljegi we durnukly ösüşe ygrarlylygy öz beýanyny tapýar.
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň martynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi. Oňa laýyklykda, elektrik önümçiliginiň innowasion, hususan-da, energiýanyň Gün we ýel ýaly gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürmek boýunça innowasion taslamalar işlenip taýýarlanylýar. 2022-nji ýylyň iýul aýynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan ilkinji köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygyna başlandy. Bu bolsa «ýaşyl» energetikanyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça taslamalaryň uly geljeginiň bardygyna şaýatlyk edýär. Bu taslamalar milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň kuwwatyny artdyrmakda we düzümlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda gurulýan energetika desgasynyň — gaz we bug dolanyşygynda işlejek elektrik stansiýasynyň gurluşygy pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny görkezip, ekologiýa abadançylygy bilen bagly wezipeleriň oňyn çözgüdini tapýandygyna şaýatlyk edýär. Taslama laýyklykda, täze elektrik stansiýasynda 4 sany gaz hem-de 2 sany bug turbinalary hereket eder. Olaryň jemi öndürijilik kuwwaty 1574 megawata deňdir. Utgaşykly işleýän gaz-bug aýlanyşygy ýokary peýdaly iş koeffisiýenti bilen tapawutlanýan elektrik energiýasynyň önümçiliginiň täze görnüşidir. Onuň binýatlaýyn esasy gaz turbinasynda ýakylýan ýangyjyň täsirinde ýokary temperaturada döreýän galyndyny bug turbinasynda netijeli ulanmagyň hasabyna goşmaça elektrik energiýasyny öndürmekde jemlenýär. Bu döwrebap tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda galyndysyz önümçiligi ösdürmek nukdaýnazaryndan örän möhümdir. Desga elektrik energiýasy öndürilende sarp edilýän tebigy gazy tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) önümçiligi döwrebap ýokary hilli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, ekologiýa nukdaýnazaryndan döwrüň talabyna laýyk gelýär. Zawodlar toplumynda umumy taslama kuwwaty 70 megawat sagada deň elektrik energiýasyny öndürýän iki sany täze gaz turbina desgasynyň işe girizilmegi onuň anyk mysalydyr. TNGIZT-niň çäginde üstünlikli durmuşa geçirilen energetika taslamasyna halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Gaz we bug dolanyşygynda işleýän elektrik stansiýalarynyň ekologik taýdan hem bähbitlidigi bellärliklidir. Energetika pudagynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli, ylmy esasda çemeleşýändigini görkezýär. Hut şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalarynda degişli ugurdaky talaplara doly laýyk gelýän serişde tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary işjeň ornaşdyrmak baş wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir.
«Ýaşyl» ykdysadyýeti işjeňleşdirmekde, daşky gurşaw bilen bagly wezipeleri döwlet syýasatynda hemişe ileri tutmakda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy uludyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri daşary ýurtlarda saparda bolanynda ekologiýa meselesini öňe sürüp, başlangyçlar, teklipler bilen çykyş edýär hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaklygy öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyz geçen hepdede Fransiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde Türkmen-fransuz ykdysady forumyndaky çykyşynda: «Türkmenistan şäherleri ösdürmek, metan zyňyndylaryna monitoring, geologiýa gözleg-barlag işleri, nebitgaz enjamlary bilen üpjün etmek, «ýaşyl» we wodorod energetikasy ulgamlarynda öňdebaryjy fransuz tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär. Bu soraglar Energetika babatda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-fransuz iş toparynyň gün tertibine goşulyp bilner. Iş toparynyň nobatdaky mejlisini şu ýyl geçirmegi teklip edýäris. Şeýle hem 2024-nji ýylda Parižde guralan energetika forumy ýaly halkara çäreleri geçirmegiň tejribesini dowam etdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys» diýip belledi. Munuň özi ýurdumyzyň iri taslamalar amala aşyrylanda, ekologiýanyň talaplaryny berjaý etmäge ygrarlydygyny tassyklaýar.
Mämmet MÄMMEDOW,
«NEBIT-GAZ».
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.