Makalalar

Ata kesbine eýeren Döwran NURÝAGDYÝEW

https://ussatnews.com/storage/posts/1056/original-16072b8b30cfb4.jpeg

Şatlykly pursatlaryň kän bolmagy – ömrümiziň bezegi. Ömre bezeg berýän pursatlaryň iň ýakymlylarynyň biri-de megerem, perzendiň dünýä inmegi bolsa gerek. Ýöne, perzendiň seniň hünäriňi, ýoluňy mynasyp dowam edip, il içinde abraý almagy, goşa şatlyk, goşa bagt. Ine, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Magtymguly adyndaky ýaşlar baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Döwran NURÝAGDYÝEW bilen duşuşyp, USSAT NEWS gazetiň okyjylary üçin söhbetdeş bolanymyzda, şu pikirleri serimize getirdik. Onuň şirin owazyny diňläniňde bolsa, ussat aýdymçy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurýagdy Tokgaýewiň sungatynyň öz perzendinde dowam edýändigine guwanç duýgusy kalbyňa dolýar.

– Köplenç, habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bolsun, ýa-da, köpçülikde, nätanyş adamlar bilen gürrüň edilende, ilki bilen sungata, aýdym-saza gelmegimiň sebäbi, oňa itergi beren ýagdaýlar hakda sowal berýärler – diýip, Döwran gürrüňimizi ýatlamadan başlady. – Şonda, birmahallar, çagalykda, yzyna düşürip, konsertlere, dabaralara ýany bilen alyp gidip, aýdym-sazyň içine aralaşmagyma sebäp bolan kakamy ýatlanymy duýman galýan. Kakam sazandalary bilen öýde, täze aýdymlaryň, sazlaryň üstünde işlese-de, ýanlaryndan aýrylmazdym.

– Diýmek, geljekde haýsy ugurdan gitmelidigiňiz baradaky mesele çagalykdan çözülipdir-dä?

– Siziň bu sowalyňyza ýöne bir: «Edil beýle-de däl» diýip, jogap bersemem bärden gaýtmagym mümkin. Dogrusyny aýtmaly bolsa, kakam meniň sungata, aýdym-saza ykbalymy baglamagymy isläp baranokdy. Elbetde, sungaty söýmegimi, aýdym-saz bilen ýaşamagymy isländir. Kalbynyň bir ýerlerinde öz ýoluny dowam etmegimi isländirem, belki. Sebäbi, ol çagakam meniň bilen ses aýratynlyklary, aýdym aýtmak bilen baglanyşykly hakyky halypa-şägirt sapaklaryny geçerdi. «Çagalykda, 10-12 ýaşda sesiň üýtgeýän, geçiş döwri bolýar. Şonda sesiňi gaty aýamaly. Gaty gygyrmak – sesiň «döwülmegine» getirip biler» diýen ýaly, gymmatly maslahatlary bererdi. Sesimi aýardy. Diýmek, ol her näme-de bolsa, meni aýdym-sazyň uly dünýäsine taýýarlapdyr. Ýöne, sungaty söýmek bir başga, oňa ykbalyňy baglamak, ömürboýy şu ugurdan çörek iýmek – bir başga. Ol meniň ykdysadyýetçi ýa mugallym bolarymy isleýärdi. Daşary ýurt dillerini öwretjek bolup, şol ugurdan okatjak bolup, gaty yhlas ederdi. «Sungat – gaty çylşyrymly, azaby ýetik dünýä. Muňa: «Kakam aýdymç-ow ýa suratkeş-ow» diýip, baş goşaýmak – ýalňyşlyk. Bir baş goşanyň bilenem, ol ýoly soňuna çenli, abraý bilen geçmekde iş bar. Şoňa ynamyň bolsa, öz-özündenem gelersiň bu ýola» diýerdi. Garaz, kakamyň şol, birmahallarky «sungata eltýän ýoly» menem ahyrsoňy öz erkime goýan däldir-dä. Orta mekdebi tamamlanymda başga ugra gitmek barada pikirem etmedim. Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň hor dirižýory bölümine okuwa girdim. Şol döwürlerdenem aýdym-saz bilen çynlakaý meşgullanyp başladym. Talyplyk ýyllarymda, okuwymyň daşyndan «Poliks» studiýasynda işledim. Ol ýerde kakam, şeýle-de estrada älemindäki uly halypalarym Baýram Taganow, Çary Hekimow dagy sungatyň syrly ýollaryny külterlemegimde uly kömek, goldaw berdiler.

– Aýdym – birnäçe döredijilik işgärleriniň zähmetinden hasyl bolýar. Aýdymyň döremegi üçin oňa şahyryň zehini, kompozitoryň joşguny, aýdymçynyň ajaýyp owazy siňmeli. Şonda eser hakyky, ilhalar aýdym bolup çykýar.

Şonuň ýaly, goşgynyň gowy saýlanyp alynmagy aýdymyň şowly çykmagyna-da ägirt uly täsir edýär. Ine, şu babatda men häzirki döwrüň ajaýyp şahyrlarynyň metbugatda çap edilen şygyrlaryny yzygiderli okaýan. Ýüregime ýakyn bolanyny saýlap alyp, derrew onuň awtory bilen habarlaşýan. Soňam näme, kompozitoryň zehin-yhlasynyň garylmagynda täze aýdym döreýär gidiberýär. Ine, bu ugurda Kakamyrat Rejebow, Döwletgeldi Annamyradow ýaly şahyrlaryň şygyrlaryny öz döredijiligime ýakyn hasaplaýaryn. Kompozitor Ylýas Rejebow bilen işleşýän. Nesip bolsa, geljekde-de ajaýyp zamanamyzy, Arkadag Prezidentimiziň açyp beren ak ýoluny, mukaddes söýgini wasp edýän aýdymlary halka yzygiderli ýetirip durmak üçin, ukyp-başarnygymyzy aýamarys.

– Döwran, tüweleme, halypanyň ady dakylan ogluňyz Nurýagdyjygyňam saz guralyny görse, ýapyşyberesi gelip dur. Onuň aýdym-saz älemine siňip gitmegi babatda öz pikiriňiz nähili? Ýa, sizem onuň başga ugurlary saýlap almagynyň tarapdarymy?

– Şu babatda kesesinden bir zat diýmegiň peýdasyzdygyny öz mysalymda-da göremsoň, dogrusy, häzirki wagtda o zatlar hakda gaty bir çynlakaý pikirem etmezlige çalyşýan. Bu zatlar – nesibe işi. Nesibesinde aýdym-saz dünýäsinde ýaşamak bar bolsa, özüm-ä diňe begenjek. Näme, türkmen estradasynda ýene-de Nurýagdy bagşynyň sesi ýaňlanar-da!

– Döwran, söhbetdeşlik üçin sag boluň. Size mundan beýlägem döredijilik üstünliklerini, egsilmez ylham joşgunyny arzuw edýäris!

– Sag boluň! Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda şu ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Munuň özi biziň her birimiziň öňümizde uly mümkinçilikleri açyp goýmak bilen bir hatarda borçlarymyzy goşalandyrýar. Nesip bolsa, ussat halypalaryň aýdan aýdymlaryny estradanyň üsti bilen diňleýjilere ýetirmek maksadym bar. Kakamyň ýerine ýetiren aýdymlaram hemişe meniň repertuarymda. Ajaýyp zamanamyzyň waspyny ýetirýän aýdymlar bolsa, biziň ýürek sesimiz. Garaz, diňleýjilerimizi täze-täze aýdymlar bilen begendirip durarys. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Sungat işgärleriniň täze-täze gözleglerine badalga berýän tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Söhbetdeş bolan Myrat HUDAÝGULYÝEW,

                                                              žurnalist.

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.