Senagat we gurlluşyk önümçiligi ministri Ýaponiýanyň ilçisi bilen duşuşdy
Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň ilçisi Takahiko Kasumatanyň duşuşygy geçirildi, onuň barşynda taraplar dostluk, ynanyşma we özara hormata esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Soňky ýyllarda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykanlygy we täze many-mazmuna eýe bolandygy bellenildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň içerki we daşary syýasatyny, onuň Bitarap döwlet derejesini goldaýandygy üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirildi. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-nyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşygy bellenildi. Parlamentara hyzmatdaşlyk has-da pugtalandyryldy. Şunuň bilen baglylykda parlamentara dostluk toparlarynyň çäklerinde iki ýurduň parlamentarileriniň duşuşyklarynyň netijelidigi nygtaldy.
Halkara gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň jähtinden ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň ösüşine we innowasion kärhanalary döretmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşandy bellenildi.
Taraplar bilelikdäki täze taslamalaryň üstünlikli ilerledilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda gaz we nebithimiýasy, ulag-kommunikasiýa ulgamy, oba hojalygy, himiýa senagaty, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýleki ugurlar agzaldy. Gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy.
Ilçi Takahiko Kasumata türkmen-ýapon gatnaşyklaryna üns berilýändigi, şol sanda daşary ýurtly kompaniýalaryň netijeli işlemegi üçin amatly maýa goýum şertleriniň dörediliýändigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.
Duşuşygyň barşynda şeýle hem ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ussat news
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar
«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.