Makalalar

DÖWRANGELDI AGALYÝEW: Köňül ylhamym — bagtyýar durmuş

https://ussatnews.com/storage/posts/1080/original-1607894a82c3e2.jpeg

Säher bilen joşup, nagma kakýan guşlaryň owazyna örläp, nuruny bolluk bilen eçilip, lowurdap dogan ak Güni ýüze sylmak, çagajyklaryň gülki sesleri ýaňlanyp duran asuda Watanyň goýnunda erkana ýaşamak, işlemek uly bagt. Şol bagtdan paýly, şahyrana kalply dörediji ynsan haýsy žanra ýüzlense-de, ajaýyp eserleri döredýär. Gazetimiziň okyjylarynyň isleglerini nazarda tutup, bu babatda Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi AGALYÝEW bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.

— Döwrangeldi aga, söhbedimizi döredijilik älemindäki ilkinji ädimleriňizden başlaýalyň...

— Mekdep durmuşyna degişli ilkinji habarym bäşinji synpda okap ýören döwrüm «Mydam taýýar» gazetinde çap edildi. Şol mahalky begenjimi bir bilsediňiz, elimdäki gazeti galgadyp, çaý içip oturan ejemdir kakamyň ýanyna ylgap barşym häzirki ýaly ýadymda. Kakam juda begenip: «Köpräk ýazyberseň, senden bir zatlar çykar» diýipdi. Mekdebiň soňkurak synplarynda goşgularymyň käbiri etrap «Pagtaçy» gazetinde görnüp ugrady.

— Goşgularyňyzyň aglabasynyň setirleriniň başky harplaryny dikligine okasaň, haýsydyr bir sözlem emele gelýär. Beýle goşgulary döretmek ýeňil-ä däl bolsa gerek?

— Islendik goşgyny döretmek ýeňil däl. Gapdaldan dikläp ýa-da setirleriň içinde keseläp sözlem ýazyp döredilýän eserlere «akro goşgular» diýilýär. Beýle goşgulary nusgawy şahyrlarymyzyň şygyrlarynda-da görmek bolýar, olar käte aşyk bolan gyzlarynyň adyny anyk aýdyp bilmän, goşgy setirleriniň arasynda getiripdirler. Onsoňam, akro goşgy ýazmak daşky görnüşe kowalaşmak däl, ol ummasyz söz baýlygyny, ruhy joşguny, anyk mazmuny, sazlaşygy talap edýär.

— Goşgularyňyzda Watana söýgi, Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanç bar. Soňky döwürler ýaşlara öwüt-ündew häsiýetli şygyrlaryňyza-da kän duşýarys...

— Şeýledir, çünki kalpda näme bar bolsa, ol iru-giç dömüp çykýar. Onsoň, goşgyny şahyryň içki dünýäsiniň aýnasy hökmünde kabul etseň-de, ýalňyş bolmaz.

— Şahyr haçan gowy eser döredip biler?

— Dürli žanrda ýazylan kitaplaryň köpüsiniň redaktory hökmünde aýtsam, gowy eserler kalp töründen ylhamyň joşup çykyp, biygtyýar eliňe galam aldyran pursady döräp biler. Ýöne goşgy şol bir lenji çykan sözlerden, sazlaşykdan daş bolsa gowy.

— Döwrangeldi aga, dörediji adamyň gözýetimi giň, çeper sözli, syýasy taýdan sowatly bolmaly...

— Dogry aýdýaň. Gözýetimi dar, söz gory ýabygorly kişi, hernäçe köp ýazýan-da bolsa, döredijilik meýdanynyň çäklije bölegini torç edip, şol bir sözlerini, şol bir pikirini gaýtalar durar. Şeýle ýagdaýdan dünýä edebiýatynyň merjenlerini, nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyzyň dürdänelerini köp okamak, halk döredijiligimizi içgin öwrenmek arkaly çykyp bolar diýip pikir edýärin. Syýasy sowatlylyk barada aýdylanda bolsa, ol habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ählisine mahsus bolmalydyr.

— Ýadyma düşýär, siziň adybir powestden we hekaýalardan ybarat «Sabyr käsesi» diýen ýygyndyňyz kitap dükanlarynyň tekjelerinde uzak eglenmändi...

— Ol kitapdan özümde-de galmady. Ýöne şu günler powestlerimdir hekaýalarymy «Eserler ýygyndysy» atly kitapda jemläp ýörün.

— Döredijiligiň başga haýsy ugurlarynda eser döretdiňiz?

— Esasy ugrum žurnalistika bolansoň, hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna geçen döwründen bäri gazet-žurnallarda çykan makalalarymy «Bagtyýarlyk buýsanjy» diýen at bilen kitap görnüşinde toplanymda-da, her biri alty ýüz sahypalyk dört jildi emele getirdi. Ondan başga-da, birnäçe sahna eserini ýazdym. Häzirki wagtda Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry «Watan jandan ileri», Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatry bolsa «Sargyt» diýen pýesalarymy sahnalaşdyryp, tomaşaçylara ýetirdiler.

Žurnalistikada esasy üns berýän temam suw barada bolansoň, «Suw — ýaşaýyş» atly dokumental filmiň edebi esasyny ýazdym. Ol kino häli-şindi teleýaýlymda görkezilýär.

— Döwrangeldi aga, ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyna degişli makala ýazypmydyňyz?

— Aslynda, suwy nebitgaz ulgamyndan üzňe göz öňüne getirmek kyn. Çünki ýerasty süýji suwly ýataklaryň, şeýle hem, melhemlik suwly çeşmeleriň birnäçesini ýüze çykaran hut geologiýa pudagynyň burawlaýjylary ahyryn. TOPH gaz geçirijisi hakynda ýazan makalalarymdyr goşgularym, «Türkmenistan — tebigy gaz ýurdy», «Gyýanly — gaznaly mekan», «Gorly hem go:rly Garagum» ýaly publisistik eserlerim gönüden-göni nebitgaz ulgamynyň üstünliklerini beýan edýär.

— Halypaňyz hakynda-da aýdaýsaňyz?

— Halypa diýip belli birini saýlamaly bolsa, ussat ýazyjymyz Osman Ödäýewiň adyny tutardym. Ýokary okuw mekdebini tamamlap, şol döwürdäki «Ýaş kommunist» gazetinde işe başlan günlerim ýazan hekaýalarymy, powestlerimi ilki halypama görkezerdim. Onuň gowy sözler bilen döredijilige ruhlandyryşy hakydamdan çykanok. Iki jiltlik «Suw kyssasy» eserimi-de Osman halypanyň maslahaty bilen ýazdym.

Ýöne gazetde işe başlamsoň, žurnalistikanyň inçeliklerini öwreden belli žurnalistimiz Allaguly Ýusubowy-da, «Seniň diliň gowy, haýp, ýöne az ýazýaň» diýip, elmydama köpräk ýazmagymy ündän zehinli ýazyjymyz Aşyrberdi Kürti-de öz halypam hasaplaýaryn.

— Onsoň, Aşyrberdi aganyň «az ýazýaň» diýeni bilen ylalaşýarsyňyzmy?

— Elbetde. Ömrümiň on bäş ýyldan gowrak wagtyny «Ruh» neşirýatynda baş redaktor bolup işlämsoň, esasy ünsümi kitaplary redaktirlemäge gönükdirdim. Ýöne dürli ugurlara degişli kitaplary redaktirlemek arkaly gaty köp zatlary öwrendim.

— Durmuş ýoluňyzdaky bagtly pursatlaryňyzy ýatlap geçäýseňiz.

— Bu dünýä gelip, saglykda ýaşan her bir pursadymy bagt hasaplaýaryn. Bagtymy has gülleden wakalaryň käbirleri hakda aýtsam, ýaşlykdan arzuwlan ýokary okuw mekdebime okuwa girmegim, ony tamamlap, höwes eden kärimde işlemegim, «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly ada, birnäçe döwlet sylaglaryna mynasyp bolmagym, göwün beren gyzym bilen durmuş gurmagym hiç mahal ýatdan çykmajak bagtly pursatlardyr.

— Söhbedimizi maşgalaňyz baradaky gürrüň bilen jemläýeliň.

— Müň-de bir şükür, bagtyýar maşgalamyz bar. Gelnejeň Gyzylgül käri boýunça lukman bolsa-da, meniň ýazýan zatlarymy ilkinji bolup okap, öz pikirini aýdyp bilýär. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde işleýän oglum Serdar-da, Aşgabat şäher häkimliginiň RÝNÝ bölüminde işleýän gelnimiz Meňli-de işlemegim üçin ähli mümkinçilikleri döredýärler. Üç agtygymyň ulusy mekdep okuwçysy, ikisiniň biri çagalar bagyna gatnasa, beýlekisi öýde terbiýelenýär.

Onsoň, şeýle bagtyýar durmuşa ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň adyny dillerimize sena edinip ýaşap, işläp ýörüs. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

— Döwrangeldi aga, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň, döredijilik äleminde üstünlik arzuw edýäris!

Ýazgül ANNAÝEWA,

               USSAT NEWS.

Başga makalalar
167a0e0b8f26c1.jpeg
Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar

Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.


167743b6e67be4.jpeg
Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)

Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem:


167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.

16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.