ÝÜZ DERDIŇ DERMANY
Türkmen topragy dermanlyk ösümliklere diýseň baý hasaplanýar. Ýurdumyzyň daglarynda, çöllerinde ösýän bu baýlyklaryň adam üçin peýdasy örän uludyr. Şeýle dermanlyk ot-çöpleriň hatarynda üzärlik hem bardyr.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik işinde üzärligiň peýdaly häsiýetleri dogrusynda gymmatly maglumatlar berilýär. Şeýle-de, bu kitapda ösümligiň häsiýeti, düzümi, peýdalanyşy barada gyzykly we gerekli maglumatlar bar. Halkymyzyň asyrlarboýy ulanyp gelýän üzärligi häzirki günlerde durmuşda we lukmançylykda giňden ulanylýanlygy bilen beýleki ösümliklerden aýratyn tapawutlanýar.
Üzärligiň gülüniň, baldagynyň, dänesiniň hat-da köküniň hem dermandygy barada lukmanlar tasyklaýarlar. Halk arasynda üzärligiň her dürli atlandyrylyşy bar. “Ýüzärlik”, “Üsbent”, “Yzbent” ýaly dürlüçe atlandyrylýan bu ösümligi halkymyz dürli maksatlarda giňden ulanýar. Ata-babalarymyz üzärligi çogdamlap gapysyndan asyp goýupdyrlar. Her bir türkmen öýüne barsaň bir desse üzärligi görmek bolýar.
Halkymyz däp-dessurlarymyza eýerip, täze gelin öýe girmänkä ýa-da täze jaýa göçülende üzärligi ýakyp, onuň tüssesini tüsseledipdirler. Beýle edilmegiň sebäbine ýaman gözden, dürli bela-beterlerden goraýar diýlip düşünilipdir. Häzirki döwürde üzärlik lukmançylykda Diýarymyzyň ähli şypahanalarynda giňden ulanylýar.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.