«Ak şäherim Aşgabat» diýen aýdymyň sazyny döreden Şirmyrat GURBANOW
Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheri boýunça amala aşyran iş sapary wagtynda eziz Watanymyzyň paýtagtyny wasp edip döredilen aýdymlara ajaýyp sungat eserleri hökmünde baha berdi. Şol aýdymlaryň arasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti, ussat estrada aýdymçy Şirmyrat Gurbanowyň sazyna döredilen «Ak şäherim Aşgabat» diýen aýdym hem bar.
Biz golaýda halypa estrada aýdymçysy Şirmyrat Gurbanow bilen söhbetdeş bolup, Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öň ýanyndaky toýly günlerde onuň ýürek buýsanjyny ussatnews.çom elektron gazetiniň okyjylaryna ýetirmekligi makul bildik.
— Şirmyrat halypa, söhbetdeşligimiziň başynda Gahryman Arkadagymyzyň ýokary bahasyna mynasyp bolan «Ak şäherim Aşgabat» diýen aýdymyň sazyny döredişiňiz hakda gürrüň beräýseňiz.
— Paýtagtymyzy wasp edýän bu aýdymyň goşgusyny Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Baýram Mämmedow ýazdy. Aşyklar şäheri Aşgabadymyzyň gözelligine, döwrebaplygyna bolan çäksiz guwanç, buýsanç mende-de ylham joşgunyny döredip, aýdymyň sazyny ýazmagyma itergi berdi.
Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzy taryp edýän beýleki aýdymlar bilen birlikde bu aýdyma hem mynasyp baha bermegi biziň depämizi gök diredip, ýene-de täze aýdym-saz eserlerini döretmeklige ruhlandyrdy.
Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toýunyň öň ýanyndaky günlerde Türkmenistanyň halk artisti Suhan Orazberdiýew tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilýän «Ak şäherim Aşgabat» ýürege ýakyn aýdym bolup, joşgunly ýaňlanýar.
— Sungat älemine gelşiňiz, käriňiz bilen hem okyjylarymyzy tanyşdyraýsaňyz.
— Aýdym-saz jadyly sungat. Ol her kimiň kalbynda ýaşaýar. Çagalyk ýyllarymdan ussat estrada aýdymçylary — Türkmenistanyň halk artsitleri Öwezgeldi Tekäýewiň, Annaberdi Atdanowyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gurban Gummanowyň aýdymlaryny höwes bilen diňlärdim.
Önüp-ösen obam — Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Çaşgyn geňeşligindäki 9-njy orta mekdepde okaýarkam, mekdebimiziň, etrabymyzyň çäginde geçirilýän çärelerde «Men güneşli ýurduň ogly» diýen aýdymy ýerine ýetirerdim.
1974 — 1979-njy ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby döwrümde Türkmenistanyň halk artisti Gurbanmyrat Dagbaşyýew bilen bile okap, ýaş estrada aýdymçylaryň arasynda geçirilýän bäsleşiklere, toý-baýramlara bile gatnaşmak miýesser etdi. Şol ýyllarda Türkmen radiosynda «Apat», «Gopuzly gyz», «Lebaply gyz» we beýleki aýdymlary ýerine ýetirip, ýazgy etdirdim.
Indi kyrk ýyldan köpräk wagt bäri ozalky okan mekdebimde biologiýa dersi boýunça ýaş nesle bilim-terbiýe berip gelýärin.
— Aýdym-saz sungaty barada gürrüň gozgalanda, halypa-şägirtlik gatnaşygy dogrusynda ýatlamazlyk mümkin däl.
— Elbetde. Haýsy kärde bolsa bolsun, her kimiň özüne halypa tutunýan ussady bolýar. Meniň aýdym-saz sungatynda ýol goýup giden meşhur aýdymçy Öwezgeldi Tekäýewiň ýerine ýetirijilik ussatlygyna sarpam belent.
Bir gezek Öwezgeldi halypa Sakarçägä myhman bolup gelende, maňa:
— Sungat beýikdir. Oňa hemişe ynamly hem kalbyňy päk tutup ýapyşgyn. Öz sesiňe haýsy aýdym gowy gelse, şol aýdymy aýtgyn. Aýdymlary ýerine ýetirişiňi halaýan — diýip, ak pata berdi.
Şondan bärem halypanyň wesýetine eýerip, ýerine ýetirýän aýdymlarym, döredýän sazlarym bilen il-halkymyza hyzmat edip, ruhy lezzet berip gelýärin.
— Şirmyrat, bu gün özüňiz ýurdumyzda giňden tanalýan halypa estrada aýdymçylaryň biri. Sungat älemindäki şägirtleriňiz barada-da kelam agyz aýdyp beräýseňiz.
— Aýdym-saz äleminde sungata höwesli, zehinli ýaşlary şu ugra gözükdirip bilseň, bu zähmetiň, yhlasyň ýerine düşýändiginiň alamaty. Türkmenistanyň halk artisti Suhan Orazberdiýewiň, Bekmyrat Ýazmyradowyň, sazandalar Jumamyrat Gurbanowyň, Nurgeldi Nuryýewiň, oglum Döwletmyrat Şirmyradowyň atlaryny şägirtlerim hökmünde höwes bilen tutasym gelýär.
— Halypa, bilşimiz ýaly, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk toýy mynasybetli paýtagtymyzy wasp edip dörediljek aýdymlaryň bäsleşigi yglan edildi. Täze aýdym-saz eserini döredip, bäsleşige gatnaşmak maksadyňyz barmy?
— Elbetde. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda yglan edilen bu bäsleşige gatnaşmak biziň her birimiz üçin uly mertebedir. Häzirki günlerde Aşgabat şäheri baradaky täze aýdymyň sazyny döretmegiň üstünde işläp ýörün.
Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň döredýän giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn.
— Şirmyrat halypa, söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň! Size arzyly käriňizde hem-de aýdym-saz sungatynda täze üstünlikleri arzuw edýäris.
— Sag boluň!
Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
USSAT NEWS.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.